Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň: «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen buýsançly şygary, hormatly Prezidentimiziň: «Döwlet, diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi ýurdumyzy barha öňe, uly ösüşlere alyp barýar. Netijede, döwletli başlangyçlar, belent maksatlar bilen aýdyň geljegi nazarlap öňe barýan eziz Diýarymyz bagtyýar ýaşlygyň ýurduna öwrülýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň özi hem, ýurdumyzyň ýagty ertirleriniň eýeleri bolan türkmen ýaşlaryna ýurt derejesinde berilýän ünsüň, bildirilýän uly ynamyň nyşanydyr. Watan, ýaşlar, geljek barada oňyn düşünjeler we garaýyşlar 2023-nji ýylyň şygarynyň düýp mazmunyny düzýär. Bu ýyly döredijilikli işler, zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak, ilkinji nobatda, türkmen ýaşlarynyň mukaddes borjudyr.
Hakykatdan hem, Milli Liderimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ömür ýoluny görelde, Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryny ýörelge edinýän türkmen ýaşlaryna ähli babatda ösen, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hususan-da, şu ýylyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy hem bagtyýar ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak uly waka öwrülip, özleri üçin şeýle uly mümkinçilikleriň döredilmeginden kalby uly buýsanja beslenen türkmen ýaşlarynyň Arkadagly Serdaryna, Milli Liderine ýürek seslenmesi, belent buýsanjy boldy.
Hut şu maksatlardan ugur alyp, ýakynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi, şu ýylyň 28-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyndan gelip çykan wezipeleri hem-de ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan ýaşlar syýasatyny ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sakarçäge etrap komiteti bilen bilelikde gurnamagynda, etrabyň 6-njy orta mekdebinde “Ynam ödäp, şu Watana şan getirmek maksadymyz, rowaçlyklara beslensin, goý, bu şanly ýylymyz” ady bilen maslahat duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sakarçäge etrap komitetiniň wekilleri, bilim işgärleri, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary,başlyklary hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Dabaraly geçirilen maslahat duşuşygynda çagyrylan myhmanlar çykyş edip, olar özleriniň çykyşlarynda üstünliklere beslenip geçen bu Gurultaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine seredilendigi hem-de degişli Kararnamanyň kabul edilendigi, Gurultaýyň dowamynda bolsa, ykbaly galkynan bagtyýar we zehinli ýaşlaryň Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýlarynyň, şeýle hem TMÝG-niň gymmat bahaly sowgadynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylandygy barada buýsanç bilen çykyşlarynda bellediler. Maslahatyň dowamynda ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertler döredilýändigi üçin özleriniň hem yhlasly zähmet çekjekdikleri dogrusynda buýsanç bilen çykyş etdiler. Çagyrylan myhmanlar çykyşlarynyň ahyrynda Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Goý, ýaşlaryň nurana geljegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun!
Atageldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.