Biziň şu günümiz, geljegimiz ýaşlara berk baglydyr. Olaryň amala aşyrýan işlerinden döwrümiz, ömrümiz gülleýär. Turuwbaşdan birnäçe taryhy wakalara beslenen 2023-nji ýylyň adynyň ýaşlar bilen bagly bolmagy döwrüň öňe çykaran derwaýyslydygyr. 28-nji ýanwarda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi şanly ýylymyzyň şatlygyny goşalandyrýan taryhy wakalaryň biri boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýilip atlandyrylmagy ýaş nesliň kalbynda egsilmez joşguny döretdi.
Il arzuwyny hasyl eden bu çözgüt Arkadagly Serdarymyzyň “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleriniň özboluşly dabaralanmasy boldy.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Arkadagly Serdarymyzyň: “Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys” diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde bagtyýar ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Bu belent ynamy ödäp, kalbyndaky buýsanjy bilen mukaddes borja wepaly ýaşlar Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly zähmet ýeňişlerine beslemek ugunda okaýarlar, öwrenýärler, döretýärler. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrap Zenanlar guramasy, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda Ýolöten etrabynyň 31-nji orta mekdebinde etrabyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda “Ylym-kämillik we güýç-kuwwat” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde gyzlaryň el işleri, haly dokamak oglan –gyzlaryň surat sergileri bilen, zergärçilik bilen çykyş etdiler. Çykyşa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrap häkimliginiň hünärmeni, Zenanlar guramasynyň başlygynyň orunbasary, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Oguljahan Eýranlyýewa dagylar eminlik edip ýeňiji bolan okuwçy ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Pursatdan peýdalanyp, ýaş nesillerimiziň ylymly, bilimli, ruhy taýdan sagdyn, durmuşa ukyply, jemgyýetimize gerekli adamlar bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, aýdyň maksatly belent tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
Jennet ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçlyk
bölüminiň müdiri.