“DILE GELEN SÖZLER KÖŇÜL NAGŞYDYR”

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar halkymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda erkana, asuda hem-de eşretli zamanada ýaşaýar. Sebäbi, bu gün türkmen iline “Berkarar döwlet islärin” diýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasy geldi.

 Hawa, Magtymguly Pyragy beýik akyldar şahyr, watançy hem söz ussady hökmünde türkmen halkyny agzybirlige, gaýratlylyga çagyran halkyň ruhy ganatydyr, umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Onuň döwürdeşleri Gaýyby, Şeýdaýy, Şabende, Magrupy ýaly zehinli şahyrlar hem ol barada ajaýyp jümleleri aýdypdyr. Hatda, onuň öz halypasy Durdy şahyr hem: “Meniň eserlerimi sil alar, Magtymgulynyň eserlerini il alar” diýip, onuň beýik şahyr boljagyny öňünden aýdyp geçipdir.

Hakykatdan hem, söz mülküniň hökmürowany Magtymguly Pyragynyň eserleri asyrlaryň içinden aşyp, şu günler hem haýran galdyrýar. Şahyr öz ýaşan zamanasynyň aýnasy bolup, döwrüniň ähli wakalaryny öz setirlerinde beýan edipdir, adamlary ynsanperwerlige, watansöýüjilige, mertlige we ahlaklylyga çagyrypdyr. Bu babatda Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda beýik şahyryň döredijiligine düýpli seljerme berip, şeýle diýýär: “Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň sahawatly saýasynda Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek maksady bilen 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede guramaçylykly bellenilip geçiler. Ýurdumyzda 2024-nji ýylda geçiriljek türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär. bütin adamzadyň genji-hazynasyna giren meşhur akyldar şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ýörite internet portalyny döretmek maksat edinilýär we häzirki zamanyň sanly tehnologiýalary arkaly ähli maglumatlary özünde jemleýän “Magtymguly Pyragy” ensiklopediýasyny döretmek, “Magtymguly Pyragy diwanynyň” sanly neşir görnüşini taýýarlamak meýilleşdirilýär.

Biz hem hut şu maksatlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri, agzalary bolup, ýörite düzülen meýilnamalar esasynda, welaýatymyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň, ýörite orta, başlangyç hünär we  ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, dürli ulgamlarda zähmet çekýän hem-de döredijilik bilen meşgullanýan  ýaşlarymyzyň arasynda dürli medeni çäreleri, edebiýat agşamlaryny, aýdym-sazly döredijilik duşuşyklaryny yzygiderlilikde gurnap,  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp garşylamak-da yhlasly zähmet çekeris.

Goý, halkyny röwşen geljege, ýagty menzillere atarýan, türkmeniň beýik şahsyýetlerine hormat-sarpa goýýan, olaryň ykbalyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary  sag bolsun, Watanymyzyň ösüşli, röwşen ýollary rowaçlyklara beslensin!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly

ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI