Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz özüniň ilkinji günlerinden başlap şatlykşowhuna, şanly wakalara, belent üstünliklere beslenip geldi. Hawa, ýylyň gelşi äheňinden belli. Bu ýyl ähli raýatlarymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň hakydasynda müdimi möhürlenjek taryhy pursatlara baý boljakdygy hemmä aýan. biz şu pursatda, birbirinden owadan gelýän günleriň gujagynda, parahatçylygyň ojagynda ýaşap, zähmet çekip, döwrebap bilim alyp, öz pikirimizi arkaýyn aýdyp bilýän ýaşlardygymyza buýsanmalydyrys. Çünki bu zamana — ýaşlara üns berilýän zamana.
Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesine laýyklykda, ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin başarnygyny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Mähriban Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini artdyrmak-da, ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmek babatynda wajyp wezipeler öňde goýulýar. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer» kitabynda şeýle setirler bar: «Halklaryň taryhy, adamlaryň ykballary dowamat dowam bolýar, bir nesil başga bir nesli çalyşýar, her bir gelen täze nesil ýagty geljege ymtylýar. Bu geljege bolsa giden bir halk garaşýar». Hakykatdan hem, şu sözleriň özünde hem ynam bar. Ýaşlarda ynam, gujur we gaýrat bar.
Bilşimiz ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-nji ýanwarynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirilip, ol döwlet derejesinde, aýratyn hem ýaşlaryň ykbalynda buýsançly waka öwrüldi. Baýramçylyk ruhunda geçirilen foruma ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň öňdebaryjy ýaşlary gatnaşyp, onuň gün tertibinde birnäçe meselelere seredildi.
Hut şu maksatlardan ugur alyp, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII Gurultaýynyň üstünlikli geçmegi we Gurultaýda garalan meseleleriň ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi “Arkadagly Serdarymyzyň uly ynamy ýaşlary uly üstünliklere ruhlandyrýar” ady bilen dabaraly maslahatyny geçirdi. Maslahata Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary, öňdebaryjy ýaşlar hem-de Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlyklary we dürli ulgamlarda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaşlaryň bilimli, ylymly, häzirki zaman ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda dünýä nusgalyk beýik işler amala aşyrylýandygy, şeýle hem 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 28-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Mekan köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy ýokary derejede guramaçylykly we uly ruhubelentlikde geçirilendigini buýsanç bilen bellediler. Mundan başga hem olar, ýurdumyzy durmuşykdysady taýdan ösdürmekde hemde onuň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda döwletimiz ýaşlara aýratyn bil baglaýandygyny aýratyn belläp, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlykda güýjüň bardygyny, şonuň üçin hem ýurdumyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna ýaşlara bil baglamalydygyny yzygiderli nygtaýandygy dogrusynda çykyşlarynda buýsanç bilen bellediler.
Maslahatyň soňunda, ýaş nesillerimiziň ylymly, bilimli, ruhy taýdan sagdyn, durmuşa ukyply jemgyýetimize gerekli adamlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, aýdyň maksatly belent tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ogulbagt AMANMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.