Kalby joşgundan, ýüregi buýsançdan doly agzybir halkymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşylady. Şanly ýylymyz ýaşlaryň durmuşy bilen baglanyşykly ajaýyp şygara beslenmegi ähli halkymyz bilen bir hatarda ýaşlarda hoşallyk duýgusyny döretdi. Ýaş nesilleriň arzuw-umytlaryny uly üstünliklere besleýän Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlaryň aýdyň geljegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrýar. Ýurdumyzda ýaş nesiller baradaky giň gerimli aladalar, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrundaky tagallalar jemgyýetiň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny pugtalandyryp, döwrümiziň belent ruhy joşguny bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Netijede, 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenýän ýaşlara bildirilýän uly ynamyň nyşanydyr.
Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şol gazanylýan üstünliklere ýurdumyzda hereket etýän iri jemgyýetçilik gurama- Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary hem berkarar döwletimizi ösdürmekde, halkymyzyň jebisligini we agzybirligini pugtalandyrmakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Şu maksatlardan ugur alyp, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de Türkmenistanda Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny we Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň gurnamagynda Mary şäher häkimliginde şäheriň edara-kärhanalarynyň Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklarynyň gatnaşmaklarynda “Röwşen geljegimiziň berk binýady” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşykda çagyrylan myhmanlar, mährem eneler, il sylagly ýaşulular çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adam diýlip ykrar edilen Türkmenistan döwletimizde XXI asyrda halkyň taryhy-medeni geçmişine doly düşünýän, döwletiň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, jemgyýete, maşgala, dogan-garyndaşa, dost-ýara wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletiň baş maksady bolup durýandygyny bellediler. Şeýle hem çykyşlarynyň dowamynda“Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçendigini we bu Gurultaýyň ýaşlary berk gala deýin jebisleşdirip, üstünlikli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygy dogrusynda buýsanç bilen çykyşlarynda beýan etdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar çykyşlarynyň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň we özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlaslaryny, zähmetlerini we ukyp- başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekjekdiklerini aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Abdylla HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.