“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň her bir güni şanly wakalara uly üstünliklere rowaçlanýar. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan Döwletimizde dünýä ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Bu alnyp barylýan işlerde Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň edermen maksada okgunly ýaşlaryna uly bil baglaýar. Sebäbi Türkmenistan döwletimiziň geljegi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän ähli işlerde biz ýaşlaryň mynasyp paýy bardyr.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi. Bu gurultaýa paýtagtymyz Aşgabatdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlardan wekilleri, bagtyýar talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Gurultaýyň gün tertibine ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň toplumy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipelerini çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Forumyň dowamynda oňa gatnaşyjylar “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini we döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hem-de beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra Ýurdumyzda geçirilýän döwlet bäsleşiklerinde, sport äleminde üstünlikleri gazanan öňdebaryjy bagtyýar talyp ýaşlaryna we mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan hemde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Hut şu nukdaýnazardan, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçmegi hem-de kabul edilen çözgütleriň ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşi Baýramaly şäher medeniýet merkezinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar, Goşa ganat bilen belentdir başlar! ady bilen dabaraly maslahatyny geçirdi.
Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň işgärleri, talyp ýaşlar we Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlyklary, öňdebaryjy işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda çagyrylan myhmanlar çykyş edip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçendigi, Gurultaýyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine seredilendigi hem-de degişli Kararnamanyň kabul edilendigi buýsanç bilen bellediler. Gurultaýyň dowamynda ýene ençeme wajyp meselelere seredilip, ýurdumyzda ýaşlar syýasaty boýunça amala aşyrylýan işleriniň ählisiniň ýaşlary Watanymyza wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde hem-de yhlasly zähmet çekmäge, okamaga ruhlandyrýandygyndan nyşandygyny buýsanç bilen bellediler. Dabaraly maslahatyň ahyrynda, çärä gatnaşyjylar Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Şu pursatdan peýdalanyp, ýaş nesiller babatda edilýän taýsyz aladalardan ruhlanyp, biz – ýaşlar geljekde-de ýurdumyzy ösdürmek ugrunda zehinimizi, yhlas-ukybymyzy, zähmetimizi, başarnygymyzy gaýgyrmajakdygymyza Arkadagly Serdarymyzy ynandyrýarys. Ýaşlara döwrebap kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýändigi üçin Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, aýdyň maksatly tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Hojamyrat AKMYRADOW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly etrap Geňeşiniň başlygy.