Ýurdumyzy durmuşykdysady taýdan ösdürmekde hemde onuň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda döwletimiz ýaşlara aýratyn bil baglaýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýaşlykda güýjüň bardygyny, şonuň üçin hem ýurdumyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna ýaşlara bil baglamalydygyny yzygiderli nygtaýar. Şu parasatly sargytdan ugur alýan Arkadagly Serdarymyz bu pendi mynasyp dowam etdirýär.
“Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu ajaýyp zamanamyzda ýaşlarda Watana, merdana halkymyza we şöhratly taryhymyza buýsanjy, ylymbilime höwesi artdyrmak, olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň soňky gazanan innowasion sanly tehnologiýalaryndan baş çykarmagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, ýaşlara Watan diýen düşünjäniň mukaddesdigini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýip atlandyrylmagy her bir ynsany buýsandyrýar. Ilkinji nobatda, ýaşlar, geljegimiz bolan ýaş nesiller hakyndaky aladanyň durmuş syýasatynda dabaralanýandygyny, ýaşlara bildirilýän ynamyň uludygyny görkezýär.
Üstümizdäki ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy, şeýle hem şu ajaýyp ýylymyzyň 28-nji ýanwarynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi ýaşlaryň kalbynda beýik ruhubelentlik döretdi. Şeýlelikde, döwletli ýoluň ak geljege dowam bolmagy üçin türkmen ýaşlaryna bildirilýän ynam ýokary. Şol ynamy ödemek, ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşandyňy goşmak, yhlasly okamak we döredijilikli zähmet çekmek biz ýaşlar üçin parzdyr.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçmegi hem-de ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan ýaşlar syýasatyny ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölümi bilen bilelikde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar- röwşen geljegimiziň şamçyragydyr” ady bilen brifing görnüşinde söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, işewür zenanlar, talyp ýaşlar we Ilkinji Ýaşlar hem-de Zenanlar guramalarynyň başlyklary, öňdebaryjy işjeň agzalary gatnaşdylar.
Bu geçirilen söhbetdeşlik duşuşygynda çagyrylan myhmanlar çykyş edip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine seredilendigi hem-de degişli Kararnamanyň kabul edilendigi, Gurultaýyň dowamynda ykbaly galkynan bagtyýar we zehinli ýaşlaryň 50-sine Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýlarynyň, şeýle hem TMÝG-niň gymmat bahaly sowgadynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylandygyny buýsanç bilen bellediler. Duşuşygyň ahyrynda, çärä gatnaşyjylar Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgam boýunça esasy hünärmeni.