“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyly uly ynam bilen gadam basan türkmen halky taryhy wakalaryň buýsançly günlerini başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz syýasy, ykdysady durmuş we medeni taýdan ösüş-özgerişli menzilleri ynamly külterleýär. Durmuş, döwür, jemgyýet ösýär, özgerýär. Şoňa laýyklykda, jemgyýetiň esas goýujy hukuk binýady hem hemişe kämilleşdirilip durulýar. Şeýdip, onuň milli aýratynlyklara, döwletiň ösüş derejesine, halkyň islegine laýyk gelýän kämil görnüşi emele gelýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky bu möhüm başlangyç halkymyzyň ýagty ertirlerine ynamyny has-da berkidip, kalplara nur çaýdy. Täze döwrümizde halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesine, döwletlilik ýörelgelerine, asylly däplerine berk eýerilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Munuň özi, ilkinji nobatda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem jemgyýeti dolandyrmaga, gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň bu başlangyjy ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy. Halkyň bähbidine hyzmat edýän ýokary wekilçilikli edaranyň döredilmegi ýurdumyzy ykdysady taýdan has kuwwatly döwlete öwürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi, etrap häkimligi hem-de beýleki Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde
gurnamagynda “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi milli bitewilik demokratiýasynyň dabaralanmagydyr” atly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap komitetiniň Partiýa guramaçysy Mähri Geldiýewa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, Ýolöten etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary Begenç Myradow dagylar çykyş etdiler. 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda Ýolöten etrap halk maslahatyna dalaşgär Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow hödürlendi we onuň terjimehaly we alyp barýan işleri boýunça tanyşdyryldy. Bu syýasy çärede hemmeleri saýlawlar güni işjeň gatnaşmaga çagyrdylar.
Halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýyşy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Uzukjemal ÖMÜROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.