“ATA WATAN DIÝIP URÝARKA ÝÜREK, GANATLY GÖWÜNLER ALKYŞDAN DOLY”

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» atly şygar astynda geçýän 2023-nji ýyla aýdyň maksatlar we uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Ata-babalarymyzyň «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen pähiminden ugur alnyp, döwleti dolandyrmakda demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakdaky toplanan köpasyrlyk milli tejribä daýanyp, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynyň geçirilmeginiň taryhy ähmiýeti örän uludyr.

Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” halkyň bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemekde, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde, halkymyzyň agzybirligini berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu taryhy ähmiýetli başlangyç döwlet häkimiýetiniň ýeke täk gözbaşy bolan halkymyzyň öz häkimiýetini amala aşyrmaga bolan konstitusion hukuklarynyň ýurdumyzda nusgalyk derejede üpjün edilýändigini görkezýär.

Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýakynda 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki geçirilen maslahatynyň üstünlikli geçmegi şeýle hem 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli  ýurdumyzyň belent ösüşini, alnyp barylýan beýik tutumly işlerini ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek hem-de ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen   Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap Geňeşi, etrap häkimligi hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky şäherçe medeniýet öýünde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly- beýik ynam, uly buýsanç, mukaddes borç” ady bilen dabaraly maslahat geçirdi. Geçirilen duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ak sakgally ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Duşuşyga çagyrylan myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda we möhüm başlangyçlary esasynda amala aşyrylan konstitusion özgertmeler Türkmenistanyň döwlet, syýasy-jemgyýetçilik gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmaga, raýat jemgyýetini işjeň ösdürmäge ýardam berýändigi, Konstitusion özgertmeleriň her bir tapgyry ýurtda syýasy-jemgyýetçilik işjeňligini has artdyrýan möhüm waka öwrülýändigi, şeýle hem «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi biz ýaşlaryň gujur-gaýratyna, ukybyna uly ynam bildirilýändigini görkezýändigi barada buýsanç bilen çykyş etdiler. Çäräniň soňunda çagyrylan myhmanlar hem-de gatnaşyjylar halkymyzyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde giň möçberli özgertmeleri, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň  janlarynyň sag bolmagyny alyp barýan tutumly işleriniň  rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Hajar GARRYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Wekilbazar etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI