Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur, baýramlara, şanly wakalara, taryhy senelere beslenýär. Ýurdumyz-ösüşleriň, özgerişleriň mekany. Şeýle ösüşi türkmen halkyna peşgeş beren Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri bu günki günde has-da rowaçlanýar. Täze döwürde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler halkymyzda, aýratyn hem ýaşlarda Watana bolan söýgini berkidýär, yhlasly okamaga, döredijilikli işlemäge, beýik ösüşlere goşandyňy goşmaga ruhlandyrýar. Hakykatdan hem, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Watan üçin amala aşyrylýan işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri ýaşlaryň durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýýar. Sebäbi, häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary, ertir ýurdumyzy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek ogul-gyzlarydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusynda şeýle diýilýär:
Giň jahanda dostluk berkäp,
Şatlyk-gülki, owaz bolsun!
Türkmeniň döwletli ýoly
Ak geljege dowam bolsun!
Hawa, döwletli ýoluň ak geljege dowam bolmagy üçin türkmen ýaşlaryna bildirilýän ynam ýokary. Şol ynamy ödemek, ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşandyňy goşmak, yhlasly okamak we döredijilikli zähmet çekmek biz ýaşlar üçin parzdyr.
Bilşimiz ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-nji ýanwarynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy geçirilip, ol döwlet derejesinde buýsançly waka öwrüldi. Baýramçylyk ruhunda geçirilen foruma ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň öňdebaryjy ýaşlary gatnaşyp, onuň gün tertibinde birnäçe meselelere seredildi.
Hut şu nukdaýnazardan, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçmegi hem-de kabul edilen çözgütleriň ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşi Baýramaly şäher medeniýet merkezinde “Bu eziz Watandyr owal-ahyr yşkymyz, şu Diýaryň, şu milletiň nesli biz!” ady bilen dabaraly maslahatyny geçirdi.
Dabaraly maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň işgärleri, talyp ýaşlar we Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlyklary, öňdebaryjy işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda çagyrylan myhmanlar çykyş edip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçendigi, Gurultaýyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine seredilendigi hem-de degişli Kararnamanyň kabul edilendigi buýsanç bilen bellediler. Gurultaýyň dowamynda ýene ençeme wajyp meselelere seredilip, ata Watanymyzyň kuwwaty bolan zehinli ýaşlaryň 50-sine Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýlary, şeýle hem TMÝG-niň gymmat bahaly sowgadynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylandygyny buýsanç bilen çykyşlarynda beýan etdiler. Bularyň ählisiniň ýaşlary Watanymyza wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde hem-de yhlasly zähmet çekmäge, okamaga ruhlandyrýandygyndan nyşandyr. Dabaraly maslahatyň ahyrynda, çärä gatnaşyjylar Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Eziz SAPAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Baýramaly şäher Geňeşiniň başlygy.