Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Ykballynyň ugran işi oň görner” diýlişi ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän her bir başlangyçlarynyň ählisi oňlanylýar, uly seslenme tapýar. Muny halkymyzyň “Aý dogsa, älem görer” diýen aýtgysy hem dolulygyna tassyklaýar. Bu günki gün döwletimiziň ähli ugurlar boýunça aýdyňlygyny Älem görýär, açyklygyny bütin dünýä ykrar edýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada, olara berilýän üns bolsa, rowaçlyklar bilen utgaşýar. Sebäbi, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlar türkmen jemgyýetiniň ygtybarly hereketlendiriji güýjidir.
Şu ýylyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde ýaşlaryň durmuşynda taryhy waka bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçmegi hem-de kabul edilen çözgütleriň ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi “Arkadagly Serdarymyzyň uly ynamy ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar” ady bilen dabaraly maslahatyny geçirdi.
Dabaraly maslahata Ýaşlar guramasynyň işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlary hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda myhmanlar çykyş edip, olar ýurdumyzyň ähli welaýatlardan gelen öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň guramaçylykly geçirilendigi, gurultaýyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasynyň kabul edilmegi barada buýsanç bilen bellediler. Mahlasy, ýurdumyzda ýaşlar baradaky alnyp barylýan işleriniň buýsanç bilen beýan edilmegi ýurdumyzda ýene bir ýola ýaşlarmyza berilýän ünsiň çäksizdiginiň aýdyň mysalydyr.
Maslahatyň soňunda çärä gatnaşyjylar ýaşlar syýasatyny özüniň ynsanperwer içeri hem-de daşary syýasatynda esasy ýörelgä öwren Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Annamuhammet BABAÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň müdiri.