Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmäge, döwrebap ylym-bilim ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeleriniň netijesinde uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir. Islendik döwletde, islendik jemgyýetde ylym-bilim durmuşy kämilleşdirmek üçin iň ilkinji zerurlyk hasaplanylýar. Ylym-bilim ýaşaýşa zynat berýär, döwletiň berkararlygyny, milletiň bagtyýarlygyny binýat etmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim, ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasaty derejesine göterilip, ol hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şeýle giň möçberde özgertmeler esasynda durmuşa geçirilýän beýik işler bolsa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwadyny has-da pugtalandyrmaga, geljekde ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirjek ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge şert döredýär. Ýaşlary milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek döwrüň möhüm talabydyr. Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýaşlar syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýaş nesilleri ata Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, sowgatly, däp-dessurlara, milli gymmatlyklara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek şu günüň wajyp meseleleriniň biridir.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi we etrabyň Jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar, Döwleti döwrany dolanan ýaşlar” ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Ýolöten etrap komitetiniň başlygy Toýly Anyşow, Ýolöten etrap bilim bölüminiň hünärmeni, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň agzasy Oguljahan Eýranlyýewa, Ýolöten etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň agzasy Kerwen Rejepow, Ýolöten etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň okuw işleri boýunça orunbasary, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň agzasy Begenç Myradow dagylar çykyş etdiler.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Bu gurultaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň hem-de biragyzdan kabul edildi. Bu Jemgyýetçilik guramasynyň Tertipnamasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden gelip çykýan wezipeleri, hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Liderimiziň ýaşlaryň öňünde goýan wezipelerini göz öňünde tutýar diýip bellediler.
Ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il- ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!
Meretgeldi ANNAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy.