“IŇ GOWY GYZLAR GURNAGY”

Döwür ösýär, ýaşaýyş özgerýär. Ajaýyp zamanamyzda biziň bagtyýar ilimiz abadan hem rahat durmuşda ýaşaýar. Milliligimiz täze öwüşgin bilen baýlaşdyrylyp, bagtyýar durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde ene-mamalarymyzdan nusga bolup, asyrlar boýy dowam edip gelýän türkmeniň el işleridir keşdelerini we halyçylyk sungatyny bütin dünýä tanaýar. Özüniň gözelligi, nepisligi bilen täze öwüşginler çaýylyp, ýaşlaryň söýgüsini gazanyp bilýän milli lybaslarymyz türkmen toýlarynyň, baýramlarynyň bezegi bolup durýar. Şol ajaýyp lybaslara döwrebap bezeg berýän eli hünärli ýaş gyzlarymyza guwanýarsyň. Ene-mamalarymyzdan miras goýýan milli däp-dessurlary biziň her birimizi buýsandyrýar. Şolaryň biri hem millilikdir.

Millilik türkmeniň ganyna siňen iň gymmatly mirasdyr. Häzirki döwürde gyz-gelinleriň milli geýinmek medeniýetine aýratyn uly üns berilýär. Ýakasydyr ýeňleri el işleri bilen bejerilen ýanly köýnekleri geýýän her bir zenan diýseň asylly, salyhatly, sypaýy görünýär. Saçlary iki örülen, başlary tahýaly gyzlary synlanyňda guwanmazlyk, asla, mümkin däl. Pederlerimiziň: “Gyz gylygyndan belli” diýilişi ýaly, gelin-gyzlarymyza mahsus häsiýetler millilik bilen sazlaşyp, gözellige beslenip türkmeniň buýsanjyna öwrülýär. Halkymyzyň milli keşdeçilik sungatynyň asyrlar aşyp, heňňamlar aýlansa-da, üýtgemän, şol bir nepisligini saklap, barha görklenmegi bolsa, möhre öwrülen kesp-kärlerimiziň durum-durkundan, kämilliginden habar berýär. Maşgalada ýeňňe-baldyzyň arasyndaky mähirli ýakyn gatnaşykdan, agzybirlikden habar berýän mährem Ogulabat ejemiziň nusgalyk ömür ýoly, mähir – söýgi siňdirip döreden çeper el işleri biziň her birimiz üçin görüm-görelde, uly durmuş mekdebidir.

Muňa mysal edip Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Ýolöten etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi, Ýolöten etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda Ýolöten etrabynyň Tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebinde etrabyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçy ýaşlaryň “Iň gowy gyzlar gurnagy” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik dürli şertlerden ybarat bolup, el işlerini edilişi, Halyçylyk sungaty, Türkmeniň milli saçagyny taýýarlamak ýaly şertler bolup okuwçy gyzlar öz aralarynda bäsleşdiler we eden el işleri bilen hem-de dokan halylary bilen hem-de taýýarlan türkmen saçagyny görkezip çykyş etdiler. Çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrap häkimliginiň hünärmeni, Zenanlar guramasynyň başlygynyň orunbasary Oguljennet Baýhanowa, Ýolöten etrap bilim bölüminiň hünärmeni Oguljahan Eýranlyýewa hem-de Etrap Bilim bölüminiň terbiýeçilik işleri boýunça jogapkär hünärmeni Ogulbeg Çaryýewa dagylar eminlik etdiler. Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolan okuwçy ýaşalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ata kesbini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesine eýerip, zenan sarpasyny has-da belende göterýär. Biziň milliligimizi dünýä çykarýan, zenanlaryň abraý-mertebesini belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Jennet ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçlyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI