Berkarar döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketine çekmek döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty ösdürmäge raýatlarymyzyň işjeňligini artdyrmaga hem-de saglygyny berkitmäge hemişe üns bereris” diýip belleýşi ýaly, döwletimizde bedenterbiýäniň we sportuň ösen ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek babatdaky tagallalaryň netijesinde Türkmenistan köpçülikleýin sportuň ösýän we abraýly halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi.
Ýurdumyzda sport syýasatynyň gadamy barha batlanyp, halk köpçüligini, ilki bilen, ýaşlary bedenterbiýä we sporta çekmekde uly işler amala aşyrylýar. Diýarymyzda sporta höwesek ýaşlaryň sany barha artyp, olar döwrebap sport mekdeplerinde we sport desgalarynda özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrýarlar. Ýurdumyzda bina edilen sport desgalarynda we toplumlarynda yzygiderli sport ýaryşlary geçirilýär. Şeýle işjeň ýagdaý biziň etrabymyzda-da giň gerime eýe bolýar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde ösüp gelýän ýaş nesilleriň berk bedenli, ruhubelent şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin sportuň we bedenterbiýäniň ähmiýeti dogrusynda wagyz-nesihat işleri, sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.
Ýakynda Garagum etrabynyň 23-nji orta mekdebiniň okuwçy ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmek, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmaklaryny gazanmak we sporta çekmek maksady bilen hem-de Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp “Ýaşlar sagdynlygyň tarapdary” ady bilen sport bäsleşigi geçirildi. Okuwçy ýaşlar sportuň ýeňil atletika, estafeda görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. Ruhubelentlik bilen guralýan sport çäreleri ýaşlaryň kalbynda dostluk duýgusyny terbiýeläp, olary sagdyn ýaşaýyşa gönükdirýär.
Allanazar MEREDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.