TARYHY MASLAHATYŇ TARYHY ÇÖZGÜTLERI- AGZYBIRLIGIŇ WE DEMOKRATIK ÝÖRELGELERIŇ DABARALANMASYDYR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Şeýle taryhy wakalar ýurdumyzyň ösüşi hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşy bilen pugta baglanyşyklydyr. Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty üstünlikli geçirildi. Bu maslahat ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan milli özgertmeleri ilerletmekde, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda aýratyn orun eýelär.

Ata-babalarymyzyň “Geňeşli biçilen don gysga bolmaz” diýen pähiminden ugur alnyp, döwleti dolandyrmakda demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakdaky toplanan köpasyrlyk milli tejribä daýanyp, bu taryhy maslahatyň geçirilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” halkyň bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemekde, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde, halkymyzyň agzybirligini berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen bu mejlisiň üstünlikli geçmegi, onda agzybir halkymyzyň teklibi esasynda Mähriban Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlyklygy wezipesine bellenilmegi, ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň bir palataly ulgama geçirilmegi, şeýle-de dünýäde ykrar edilen Gahryman Arkadagymyz, Milli Liderligini kanun taýdan berkidilmegi ähli türkmen halkymyz bilen bir hatarda ýaşlarymyzyň kalbynda guwanç duýgusyny ganatlandyrdy.

Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň durmuşyny özgerden taryhy wakalar amala aşyryldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, bu gurultaýynyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyş etmegi, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekilmegi we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerinde öňde durýan wezipeleriň kesgitlenmegi türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy. “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň   2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan bu ajaýyp işler Watanymyzyň geljegi – ýaşlar babatda edilýän tagallalaryň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Hakykatdan hem, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik hem-de ruhy kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbidine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar.

Gahryman Arkadagymyzyň “Dowam bolsun!” atly ajaýyp goşgusynda: “Durmuş bir kitap ýalydyr, Her ýyl-täze sahypasy” diýip belleýär. Uly ruhubelentlik bilen gadam basan bu ajaýyp ýylymyzyň esasy nyşany hem döredilip, bu nyşanda ýerleşdirilen şekiller Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylygyny, bagtyýarlygyny, ösüşe we oňyn özgertmelere tarap ymtylyşyny hem-de ýaşlaryň Watançylyk duýgusyny alamatlandyrýar.

Türkmenistan döwletimiziň bagtyýar geljeginiň ýaşlar bilen berk baglanyşdyrylmagynyň umumy mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigini suratlandyrýar. Şeýle ajaýyp pursatda bolsa, “Watan” diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini özlerine hemra edinen, ykbaly galkynan türkmen ýaşlarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza kalby buýsançdan, egsilmez alkyşdan doly.

Biz hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň wekilleri bolup, etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary we beýleki degişli edaralar bilen bilelikde häzirki günlerde 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki geçirilen maslahatynyň üstünlikli geçmegi şeýle hem 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli  ýurdumyzyň belent ösüşini, alnyp barylýan beýik tutumly işlerini ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek hem-de ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen hoşallyk maslahatlary, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderlilikde geçirýäris. Geçirilýän çäreleriň üsti bilen, Konstitusion özgertmeleriň her bir tapgyry ýurtda syýasy-jemgyýetçilik işjeňligini has artdyrýan möhüm waka öwrülýändigi we uly ähmiýetli taryhy ädim hökmünde durmuş-ykdysady ösüşlere-de itergi berýändigi dogrusynda buýsanç bilen belleýäris. Bu bolsa, ýurdumyzda ýene bir ýola demokratik ösüşleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr!

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýan täze özgertmeleriň dowamaty dowam bolsun!

Goý, geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde giň möçberli özgertmeleri, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

 

Merdan BEKMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Sakarçäge etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI