Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň sahawatly saýasynda eziz Diýarymyz bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen asylly hem-de parasatly işleriniň daşynda ilimiz, ylaýta-da, ýaşlarymyz bir gala deý jebisleşip, diňe öňe – ýeňişlere tarap tükeniksiz güýç-gaýrat bagyşlap, ata Watanymyzyň mukaddes ýaşyl Tuguny belentde parladýarlar.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň hem-de jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde bu teklip halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren täze başlangyçlary, sözüň doly manysynda, demokratik, hukuk we dünýewi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi ähli ugurlarda geljekki ösüşlere we gazanjak üstünliklerine ýetirjekdigi hakykatdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen bu mejlisde täze taryhy döwürde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy taraplary, ileri tutulýan ugurlary, adamzadyň ösüşinde gazanylan üstünlikleri hem-de öňdebaryjy halkara tejribe nazara alnyp, döwletimiziň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklip tüýs ýürekden goldanyldy. Mundan başga hem agzybir halkymyzyň teklibi esasynda ýaşlaryň Hak Howandary Mähriban Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlyklygy wezipesine bellenilmegi şeýle-de dünýäde ykrar edilen Gahryman Arkadagymyz, Milli Liderligini kanun taýdan berkidilmegi ykbaly galkynan türkmen ýaşlarynyň belent başyny göge ýetirdi.
Hawa, pederlerimiziň «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen dürdäne sözi bar. Köpe geňeşmek, halk bilen maslahat etmek taryhyň ähli döwürlerinde-de möhüm meseleler babatda ata-babalarymyzyň iň netijeli çözgütlere getirýän usullarynyň, däpleriniň biri bolupdyr. Bu däp Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda häzir hem üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň milli parlamentiniň mundan beýläk öz işini bir palatada — Türkmenistanyň Mejlisi hökmünde dowam etdirmegi, Halk Maslahatynyň iň iri wekilçilikli gurama hökmünde döredilmegi gadymdan gelýän däbiň döwrebap dowamaty bolandygynyň hakykatydyr.
Bilşimiz ýaly, dünýäde ykdysady, syýasy ýagdaýlar örän çalt üýtgeýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şol sanda wekilçilikli edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Hakykatdan hem, döwlet durmuşynda möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylan ýeri bolan bu wekilçilikli edaranyň işine jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň, ýaşulularyň, aýratyn-da ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Durmuşa geçirilýän şeýle işlerden ruhlanan, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň kalby, eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan doly.
Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz elmydama ýaşlar baradaky aladany üns merkezinde saklaýar. Sebäbi şugünki ýaşlar baradaky alada biziň röwşen geljegimiziň kepili bolup durýar. Bu röwşen geljek bolsa ýaşlarymyzyň çuňňur ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerini talap edýär.
Biz hem hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň “Ýaşlar-mähriban Watanymyzyň geljegi” diýen sözlerini özümize baş şygar edinip, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatlaryny doly derejede goldap, Watanymyza mynasyp ýaş nesli kemala getirmek-de, olaryň watansöýüji nesiller bolup ýetişmeklerinde yhlasly zähmet çekeris.
Goý, ýaşlar syýasatyny özüniň ynsanperwer içeri hem daşary syýasatynda esasy ýörelgä öwren Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.