Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň ylym-bilim almagyna, öz hünärleriniň eýesi bolmaga, giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli bolup ýetişmegine ähli mümkinçilikler döredilýär. Döwletli ýoluň ak geljege dowam bolmagy üçin türkmen ýaşlaryna bildirilýän ynam bolsa, ýokary. Şol ynamy ödemek, ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşandyňy goşmak, döredijilikli zähmet çekmek her bir ýaş nesil üçin parzdyr. Hakykatdan hem, şu gün-ertirki nesilleriň badalgasydyr. Ertirleriň aladasy hut şugünlerden gözbaş alýar. Bu ýörelge, bu dessur Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem döwrüň derejesinde ösdürilýär. Netijede, bagtyýar zamanamyza aýdym bolup gelýän arzyly günleriň gujagynda ýaşamak we işlemek, döretmek we gurmak agzybir ýaşlar üçin uly bagtdyr. Bu bagtdan paýly bolan ýaşlar üçin bolsa, taryhy işlere gatnaşmak mertebe hem beýik derejedir
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe görä, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen yglan edilen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýaşlarymyzy yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy.
Şu maksatlardan ugur alyp, şugün, 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli ýurdumyzyň belent ösüşini, alnyp barylýan beýik tutumly işleri wagyz etmek hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyna gatnaşjak wekilleri saýlamak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar, mukaddes ynama wepaly ýaşlar ” ady bilen ýygnak geçirdi.
Geçirilen ýygnaga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň işgärleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary we başlyklary, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Bu geçirilen ýygnaga çagyrylan myhmanlar buýsançly çykyş edip, olar 2023-nji ýylyň şygarynyň ýaşlar bilen bagly bolmagy, ähli türkmen ýaşlaryny has tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýandygy dogrusunda gürrüň berdiler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýyna gatnaşjak wekiller bir agyzdan goldanyldy. Dabaraly ýygnagyň soňunda çärä gatnaşyjylar we myhmanlar ýaşlar syýasatyny özüniň ynsanperwer içeri hem-de daşary syýasatynda esasy ýörelgä öwren hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.