“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň” 11-nji ýanwarynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny, şonuň esasynda kanun çykaryjy edarasynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Geçirilen taryhy maslahatda türkmen döwletiniň hem-de jemgyýetiniň durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmaga gönükdirilen çözgütler kabul edildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda taryhy teklibi öňe sürdi. Maslahata gatnaşanlar halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny - Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, şeýle hem Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we ony bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky teklibi biragyzdan goldadylar. Munuň özi adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmak hukugyny kepillendirmekde täze mümkinçilikleri açjakdygy hakykatdyr.
Hut şu nukdaýnazardan, ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleriniň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny giň halk köpçüligine düşündirmek we ony wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi, şäher häkimligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda Mary şäher häkimliginde “Demokratik ösüşleriň täze tapgyryna badalga” ady bilen wagyz - nesihat duşuşygyny geçirdi. Geçirilen duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ak sakgally ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşykda, çagyrylan myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda we möhüm başlangyçlary esasynda amala aşyrylan konstitusion özgertmeler Türkmenistanyň döwlet, syýasy-jemgyýetçilik gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmaga, raýat jemgyýetini işjeň ösdürmäge ýardam berýändigi, şeýle hem Konstitusion özgertmeleriň her bir tapgyry ýurtda syýasy-jemgyýetçilik işjeňligini has artdyrýan möhüm waka öwrülýändigi we uly ähmiýetli taryhy ädim hökmünde durmuş-ykdysady ösüşlere-de itergi berýändigi dogrusynda buýsanç bilen çykyş etdiler. Çäräniň soňunda çagyrylan myhmanlar hem-de gatnaşyjylar halkymyzyň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde giň möçberli özgertmeleri, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Annagözel SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.