Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp eserinde: “Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akylly-başly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr” diýip belleýär. Diýmek, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň düýp özeninde ertirki günümiz hakyndaky hem-de geljek babatdaky alada durýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň ylym-bilim almagyna, öz hünärleriniň eýesi bolmaga, giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli bolup ýetişmegine ähli mümkinçilikler döredilýär.
Döwletli ýoluň ak geljege dowam bolmagy üçin türkmen ýaşlaryna bildirilýän ynam ýokary. Şol ynamy ödemek, ýurdumyzyň ösüşine öz mynasyp goşandyny goşmak, döredijilikli zähmet çekmek her bir ýaş nesil üçin parzdyr. Ýakynda, ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen yglan edilen bu ajaýyp ýylymyz, ýagny “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” mynasybetli hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar biziň geljegimizdir” diýen ajaýyp sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň belent ösüşini, alnyp barylýan tutumly işleri ýaşlaryň arasynda giňişleýin wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşi Mary etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň medeniýet öýünde “Arkadagly Serdar bilen ýaşlar bagtyýar” ady bilen wagyz - nesihat duşuşygy geçirildi. Geçirilen duşuşyga etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ak sakgally ýaşulular, kümüş saçly mährem eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşykda, çagyrylan myhmanlar 2023-nji ýylyň şygarynyň ýaşlar bilen bagly bolmagy, ýaşlary üstümizdäki ýylda has tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýandygy hem-de 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy ýaşlara bildirilen uly ynamyň nyşany bolup durýandygy dogrusunda buýsanç bilen çykyş etdiler. Çäräniň soňunda çagyrylan myhmanlar hem-de gatnaşyjylar ýaşlar syýasatyny özüniň ynsanperwer içeri hem-de daşary syýasatynda esasy ýörelgä öwren Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Merdan BEKMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary etrap Geňeşiniň başlygy.