ARKADAGLY SERDAR BILEN ÖŇE BARÝAR TÜRKMEN HALKY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şowly gadamlarynyň batlanýandygyna şaýatlyk edýär. Täze ýylymyzyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy il-günümizde, aýratynam, ýaşlarda ýokary ruhubelentligi döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan we ara alnyp maslahatlaşylyp kabul edilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem ýaş nesil hakynda alada aýdyň subutnamadyr.

Täze – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzyň syýasy-ykdysady hem-de medeni durmuşyna has-da işjeň gatnaşmaklaryna ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigi guwandyrýar. Täze ýylyň täze, has jogapkärli wezipeleri hemmämizi tutanýerli zähmet çekmäge borçly edýär. Ata Watanymyzyň geljegi bolan biz, ýaşlara ylym-bilim almaga, öz islän hünärlerimiziň eýesi bolmagy, giň dünýägaraýyşly, aň-düşünjeli bolup ýetişmäge ähli mümkinçilikler döredilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň geçen Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda ýaşlar syýasatyna täzeden seredilmegi hem ýaşlarymyzyň öňünde beýik maksatlary goýdy. Şeýle maksatlardan ugur alnyp Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrap Jemgyýetçilik guramalary, etrap edara-kärhanalarynda zähmet çekýän Ilkinji ýaşlar guramasynyň başlyklarynyň hem-de işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda “Arkadagly Serdar bilen öňe barýar türkmen halky” ýylyň tanyşdyryş dabarasy teleýazgy edildi. Bu teleýazgyly çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň başlygy Rozumyrat Artykow, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap komitetiniň başlygy Toýly Anyşow, Ýolöten etrabynyň tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň taryhy mugallymy Begenç Myradow dagylar çykyş etdiler. Çykyşyň dowamynda ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuwladylar.

 

Uzukjemal ÖMÜROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI