Üstünlikli geçen ýyllaryň hersine mynasyp at berilmegi döwletimiziň ösmeginiň möhüm tapgyrlaryna ünsi çekmäge we halkymyz üçin bähbitli wakalaryň artmagyna giň ýol açýar. Ýagşy niýetler bilen garşylanan täze, 2023-nji ýylyň “Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy halkymyzda uly buýsanç döretdi, ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgüsini, döredijilikli durmuşa bolan höwesini, zähmete bolan yhlasyny has-da artdyrdy. Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn sene bolup ýazylýar. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň durmuşyny özgerden taryhy wakalar amala aşyryldy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, bu gurultaýynyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyş etmegi, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekilmegi we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerinde öňde durýan wezipeleriň kesgitlenmegi türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan bu ajaýyp işler Watanymyzyň geljegi–ýaşlar babatda edilýän tagallalaryň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik hem-de ruhy kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbidine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar. Şu ýylyň esasy nyşany hem döredilip, bu nyşanda ýerleşdirilen şekiller Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylygyny, bagtyýarlygyny, ösüşe we oňyn özgertmelere tarap ymtylyşyny hem-de ýaşlaryň Watançylyk duýgusyny alamatlandyrýar. Türkmenistanyň bagtyýar geljeginiň ýaşlar bilen berk baglanyşdyrylmagynyň umumy mazmunynda Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigini suratlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň: “Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýen sözleri ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwridir.
Ýakynda, 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar, Goşa ganat bilen belentdir başlar ” ady bilen Garagum etrabynyň “Bagtyýar Türkmen” toý mekanynda dabaraly maslahat geçirildi. Geçirilen maslahatda çykyş edenler tamamlanan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň şanly wakalara beslenendigini, gazanylan üstünlikleriniň we ýetilen sepgitleriň her biriniň halkymyzyň kalbyna ýalkym bolup ornandygyny bellediler. Dabaranyň ahyrynda etrap medeniýet bölümi taýýarlan aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň hem rowaçlyklara, üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Sülgün AGAJANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.