BUÝSANJYMYZ, GUWANJYMYZ – ARKADAGLY SERDARYMYZ!

Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýlä-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirlendir. Ýaşlar hakyky watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen, ýaşlar döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Her ýyl döwrebap atlandyrmak asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we iri jemgyýetçilik birleşiklerinde geçirilen maslahatlarda 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrmak hakynda öňe sürlen hem-de ähli halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul eden kararyna laýyklykda 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde zähmet çekýän mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda “Buýsanjymyz, guwanjymyz – Arkadagly Serdarymyz” atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Annagözel Saryýewa, Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy IÝG-nyň başly Selbi Hanowa çykyş etdiler. Olar Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän işleriniň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny gürrüň berdiler. Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam edýänligini, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyz ýaşlar bilen baglanyşykly bolmagynyň ýaşlar begendirýändigini nygtadylar.Garaşsyz, Bitarap döwlerimizi ykdysady taýdan ösdürmekde, halkymyzy abadan durmuşda bagtyýar ýaşatmakda bimöçber işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumlarynyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

 

Annagözel SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI