“IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZ-2023” ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ ETRAP TAPGYRYNDA

Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda dünýäde iň bir abraýly döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýaşlar baradaky alada, olara berilýän üns bolsa, rowaçlyklar bilen utgaşýar. Sebäbi, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlar türkmen jemgyýetiniň ygtybarly hereketlendiriji güýjüdir. Mälim bolşy ýaly, ýaşlar-geljegi gurujylar. Ýurduň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüş depgini, halkyň nurana geljegi köp babatda ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly we medeniýetli ýaş nesillere baglydyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ýurdumyzda döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Bu günki günde bolsa, bagtyýar zamanamyza aýdym bolup gelýän arzuwly günleriň gujagynda ýaşamak we işlemek, döretmek we gurmak agzybir halkymyz üçin uly bagtdyr.

Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamaga, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerinden hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen Milli Bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda “Iň eýjejik gyzjagaz-2023” ady bilen yglan eden şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnan şadyýan bäsleşigi gyzykly hem-de çekeleşikli geçirilip, bäsleşige etrabyň orta mekdeplerinde bilim alýan 2-4-nji synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar.

Bu bäsleşikde eminler topary döredilip olaryň adalatly baha bermekleri netijesinde 1-nji orna Tagtabazar etrabynyň 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Akpamyk Satlykowa, 2-nji orna Tagtabazar etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Pamyk Gurbanmyradowa, 3-nji orna 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýmerjen Jumasahatowa mynasyp boldular.

Bäsleşige gatnaşan okuwçy eýjejiklerimize Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary gowşuryldy.

 

Maral SEÝITJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI