SPORT – PARAHATÇYLYK, SAGDYNLYK, RUHUBELENTLIK WE DOSTLUK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen sporty kämillik ýoluna düşdi. Elbetde, türkmen sportyň gysga döwür içinde galkynmagyna göteren esasy alamatlaryň biri ýurdumyzda döredilen giň mümkinçilikleriň barha we barha rowaç alýanlygy bilen düşündirilse ýerlikli bolar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurduň şäherleriniň her birinde, etraplarda hatda obalaryň her birinde sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenen sport meýdançalarynyň, sport toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi sport bilen meşgullanýanlaryň sanyny has-da artdyrdy, şol sport desgalary ýaşlaryň iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Sport mekdeplerinde, sport toplumlarynda ýaş nesil sport bilen yzygiderli türgenleşiklerini amala aşyrmak bilen dürli ýaryşlara taýýarlyk işlerini guramaçylyk ýola goýdular. Olaryň irginsiz geçirýän türgenleşikleri netijesinde tutuş ýurdumyzda sport türgenleriniň täze wekilleriniň kemala gelmegine getirdi. Hut şonuň netijesinde biziň ýaşlarymyz halkara ýaryşlaryna gatnaşmak bilen baýrakly orunlary eýeleýärler. Ýurdumyzyň türgenleri dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilýän sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşýarlar. Şunlukda ýetginjekleriň we ulularyň arasynda sportyň dürli görnüşleri boýunça guralýan ýaryşlarda türkmen türgenleri öňdäki orunlary eýelemegi başarýarlar. Sport ulgamynda alnyp barylýan işler, guralýan ýaryşlar barada gürrüň edilende türkmen türgenleriniň halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde dürli derejeli medallara mynasyp bolyp ýurdumyzyň sport abraýynyň beýgelmegine mynasyp goşant goşýandyklaryny aýratyn bellemeli. Dünýäniň dürli künjeklerinde halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara yzygiderli gatnaşýan türkmen türgenleriniň ýokary netije gazanyp öňdäki baýrakly orunlary yzygiderli eýeleýändikleri guwandyryjy wakadyr. Ýurdumyzyň türgenleriniň uly ýeňişleri gazanmagynda ýurdumyzda döredilýän amatly mümkinçilikler bilen bir hatarda bu ugurda ýola goýulan halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemeli. Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda sport ulgamyna halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugur boýunça ýurdumyz bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýän daşary ýurtly sport syýahatçylary, bilermenler we belli tälimçiler Türkmenistanda sportyň ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işlere ýokary baha berýärler. Halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşyny, aýratynam, geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, ruhubelent raýatlar bolup ýetişmeklerini nazarlaýan başlangyçlara badalga berýän Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň görelde bolmagy bilen sagdyn durmuş ýörelgesi durmuşymyza barha giň gerim bilen ornaşýar.  Bu babatda Arkadagly Serdarymyz sportyň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanyp watandaşlarymyza, aýratynda ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Bu bolsa tutuş ilatymyzyň bedenterbiýe we köpçülikleýin sporta işjeň çekilmegini, şunuň bilen baglylykda Türkmenistanda sportyň ähli görnüşleriniň ösdürilmegini şertlendirýär. Hawa, bu günki gün dünýä möçberindäki ýaryşlarda gazanylýan üstünlikler milli sportymyzyň ösüşüniň esasy görkezijisi  bolup durýar.  Özi-de bu görkezijiniň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygy bellärliklidir. Ýurdumyzda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginiň-de ünsüni özüne çekýär. Sportyň möhüm terbiýeçilik ähmiýeti bardyr. Çünki, sport watansöýüjüligiň, edermenligiň mekdebidir. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ýaramaz endiklerinden daşda durup, olaryň ylymly-bilimli, Watana, il-güne wepaly adamlar bolup  ýetişmekleri barada bimöçber uly işler durmuşa geçirilýär. Sporta berilýän ýokary ünsüň netijesinde ynsan saglygynyň  barha berkeýändigi buýsandyryjy wakadyr. Şeýle bolansoň biz ýaşlar Türkmen sportynyň şan-şöhratyny dünýä dolduran we ýurdumyzda Olimpiýa hereketini ösdüren Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

 

Azat HAÝYDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi

Geňeşiniň esasy hünärmeni.