Ýurduň içeri syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy daşary syýasata oňyn täsirini ýetirýär. Içeri syýasy üstünlikleriň we onuň netijesinde döredilen mümkinçilikleriň daşary syýasaty netijeli alyp barmakda berk we pugta esas döredýändigi bolsa aýratyn bellärliklidir. Syýasy-ykdysady mümkinçilikler we onuň netijesinde ýetilýän belent sepgitler, üstünlikler işjeň daşary syýasatyň möhüm şertleridir. Bu babatda, ilkinji nobatda, dünýä bilen aýakdaş gitmeli döwürde onuň talaplaryna berk eýermek wajyp ähmiýete eýedir. Netije-de bolsa, dünýä tejribesini öwrenmek we şol bir wagtyň özünde milli ulgamyňa sazlaşykly ornaşdyrmak ýaly wezipeler döreýär. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň uly bir toplumynyň kemala gelmegine itergi berýär. Şeýle hyzmatdaşlyk we oňyn gatnaşyklar sport diplomatiýasynda hem ýörgünlidir. Biziň ýurdumyzda şeýle diplomatiýa aýratyn üns berilýär. Aziada – 2017 oýunlarynyň mermer paýtagtymyzda geçirilmeginiň özi hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ägirt uly diplomatik üstünligidir. Älem giňişliginde türkmen sportunyň diplomatik ugry kemala gelýär we onuň mümkinçilikleri artdyrylýar. Bu bolsa daşary syýasy gurşawda bütinleý täzeçilligi we ýokary guramaçylykly çemeleşmegi talap edýän halkara sport hyzmatdaşlygyny alyp barmagyň zerurlygyny äşgär ýüze çykarýar.
2017-nji ýylda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde Aşgabadyň, asyl-ha, ýurdumyzyň saýlanyp alynmagy tötänlik däl. Çünki gözel paýtagtymyz sebitde parahatçylygyň, asudalygyň we belent maksatlara tarap okgunly ösüşiň nusgasy hökmünde tanalýar. Olimpiýa oýunlary, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän dünýä çempionatlary, sebitiň iri möçberli halkara ýaryşlary ähli döwürlerde-de ynsanlaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi we dostluk-doganlygy ösdürýär. Şundan ugur alýan ýurdumyz şeýle asylly maksatlary durmuşa geçirýän parahat mekandyr. Ýurdumyzyň daşary syýasatynda Aziada – 2017-ä aýratyn ähmiýet berildi. Çünki bu oýunlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen, sport ýaryşlaryny geçirmekde özboluşly “türkmen tejribesiniň” kemala gelmegine badalga boldy. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bolsa, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän sport syýasatyny goldaýar we öz nobatynda ýurdumyz bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Iki tarapyň arasyndaky birek-birege bolan ynam, dostluk, hormat we hoşniýetli gatnaşyklar özüniň oňyn netijesini hem berýär. Olimpiýa şäherçesiniň gün şöhlelerine lowurdap duran ak mermerli binalary asuda asmanyň astynda, toý ruhunda, dünýä halklarynyň häzirkizaman milli äheňleriniň beýik sazlaşygynda, ýokary derejede sport baýramçylygy geçirildi we sportuň taryhynyň altyn sahypalaryna ýazyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ägirt uly ösüşlere şaýat bolýandygymyza, şeýle ajaýyp zamanada ýaşaýandygymyza guwanýarys. Toýlary goşa-goşadan gelýän, jahanda abraý-mertebesi barha belende galýan Diýarymyzda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde, parahatçylygyň, asudalygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň we bolçulygyň mekanyna öwrüldi. Okgunly ösýän Diýarymyz gülleýär, ösýär, has-da ýokary belentliklere tarap ak ýolda, aýdyň ýolda öňe barýar. Şeýle derejedäki üstünlikleri ýurdumyzyň sport durmuşynda hem görmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we örän oýlanyşykly durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasaty netijesinde, ýaşyl tugumyzy belende göterip, dünýäniň dürli künjeklerinden baýrakly, medally dolanyp gelýän türgenleriň sany barha artýar. Bu babatda hoş habarlary eşitmek bagtyýar döwrümize bolan buýsanjyňy artdyrýar. Munuň özi, Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda sporty ösdürmekde durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň ajaýyp miwesidir.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.