EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNY NAZARLAP

Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda ekologiýa howpsuzlygy, suw meseleleri, çölleşmä garşy göreşmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak baradaky möhüm wezipeler boýunça Türkmenistanyň esasy ýörelgelerinde, hoşniýetli hyzmatdaşlyga esaslanýan syýasy çemeleşmelerinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallarynyň utgaşdyrylmagyndan ugur alýandygy nygtalýar. Şu babatda BMG-niň howandarlygynda çölleşmäge garşy göreş meselelerinde tebigy-howa şertleri meňzeş bolan döwletleriň tejribesini öwrenmek arkaly köptaraplaýyn gepleşikler yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi umumy tagallalaryň has täsirli we aýdyň bolmagyna, olary has ýokary derejä çykarmaga ýardam edýär. Bilelikde tebigatdan jogapkärçilikli peýdalanmak ýurtlaryň we halklaryň durnukly ösüşiniň ýeke-täk ýoludyr. Hormatly Prezidentimiz dünýä bileleşigini hut şuňa çagyrýar.

Ýurdumyzda ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek, tebigy serişdeleri dikeltmek we olardan rejeli peýdalanmak boýunça çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanylýar. Bu işleriň anyk mysaly hökmünde sebitiň iri taslamasy bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüni görkezmek bolar. Bu iri gidrotehniki desganyň gurulmagy möhüm ekologik we durmuş-ykdysady meseleleri köpugurly çözmäge mümkinçilik berýär.

Hakykatdan-da, “Altyn asyr” Türkmen köli Aziýa yklymynda iň uly sähralaryň biri hasaplanýan Garagumda dörän täsin bir gudratdyr. Soňky ýyllarda bu ýerde geçirilen tebigy biologik işleriň netijesinde suw kadaly derejede arassalandy, onda birnäçe görnüşli balyklar peýda boldy. Bu kölüň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk we maldarçylyk pudaklaryny ösdürmek, azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, şeýle hem sebitiň daşky gurşawyny goramak we suw serişdelerine bolan zerurlygyny kanagatlandyrmak babatda örän ähmiýetlidir.

Muhammetberdi AMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Umumy bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar