Türkmen dzýudoçysy Käkilik Derýaýewa kadetleriň arasynda Almaty şäherinde geçirilen Aziýa kubogynda bürünç medal gazandy. Sambo boýunça iki gezek dünýä çempiony Gülbadam Babamyradowanyň 15 ýaşly okuwçysy 48 kg-a çenli agram derejesinde üstünlik gazandy, bu derejede bäş ýurtdan 25 türgen gyzlary bäsleşdi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habar bermegine görä, üstünlige barýan ýolunda Derýaýewa dört ýeňiş gazandy. Birinji tapgyrda ol 36-njy sekuntda özbek dzýudoçysy Sarwinoz Abdusamadowany arassa ýeňiş (ippon) bilen ýykyp, üstünlik gazandy, soňra şeýle hem ippon bilen mongol dzýudoçysy Hongorzul Ariunzorigy ýeňmegi başardy. Çärýek finalda türkmen türgeni özbek dzýudoçysy Nargiza Dustmamtowadan ýeňlenden soň, kanagatlanma ýaryşynda ippon bilen Özbegistanyň başga bir wekilini – Zarnigora Ulaşowany ýeňdi, bürünç medal üçin bäsleşikde bolsa gazak dzýudoçysy Zlata Şwaýgertden üstün çykmagy başardy.
Bu agram derejesinde altyn medaly özbek dzýudoçysy Gülmira Holmurzaýewa, kümüş medaly gazak dzýudoçysy Asel Ruslanowa gazandy. Ikinji bürünç medal Özbegistanyň wekili Nargiza Dustmamtowa gowşuryldy.
Käkilik Derýaýewa dzýudo bilen 2019-njy ýyldan bäri meşgullanýar. Olimpiýa görnüşiniň esaslaryny ol Batyr Annaýewiň ýanynda öwrendi, häzirki wagtda Gülbadam Babamyradowanyň we Türkmenistanyň zenanlar milli toparynyň baş tälimçisi Tatýana Widýasowanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.
Bu zehinli türkmen dzýudoçysynyň halkara ýaryşlarynda gazanan ilkinji çynlakaý üstünligidir.
Kadetleriň we ýaşlaryň arasynda Almatyda geçirilen dzýudo boýunça Aziýa kubogy 11 ýurtdan — Azerbaýjandan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Liwandan, Mongoliýadan, Russiýadan, ABŞ-dan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan gelen 788 türgeni bir ýere jemledi. Türkmenistanyň toparyna 31 dzýudoçy wekilçilik etdi.
Gülbadam Babamyradowa – türkmen samboçysy, sambo boýunça iki gezek dünýä çempiony, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady. Dünýäniň iň güýçli samboçysy adyny ilkinji gezek ol 2012-nji ýylda Minskde geçirilen dünýä çempionatynda gazandy. 2017-nji ýylda 26 ýaşly türgen üstünligini gaýtalady we Soçide geçirilen sambo boýunça 41-nji dünýä çempionatynda altyn medal gazandy. Babamyradowa uly halkara ýaryşlarynyň köp gezek ýeňijisidir. Ajaýyp sport üstünlikleri üçin ol Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglandy.
turkmenportal