AJAÝYP ÝAŞLYK DÖWRI – ÖMÜRDE BIR GELÝÄN MUGJYZA

Ýaşlyk – bu diňe bir ýaş tapgyry däl-de, eýsem bu ýürekdäki alaw, kalbyň ganatlanýan döwrüdir. Bu döwür – gözýetimiň giň, arzuwlaryň uly wagty. Adam ömründe ýaşlygyň tutýan orny örän uludyr. Ol döwür ömrüň iň tämiz we iň şugla saçýan sahypasydyr.

Ýaşlykda adam ýaşaýşa göýä täze dünýäni synlaýşy ýaly seredýär. Her bir täze günde täze mümkinçilikler bar. Näçe işleseň hem ýadamaýan, näçe synanyşsaň hem ruhdan düşmeýän, ýene-de synanyşmaga güýç berýän döwrüň ady – ýaşlyk. Öňe gitmegiň, kämilleşmegiň, arzuwlaryň ugrunda göreşmegiň wagty hem, edil şu döwür.

Ýaşlyk ýyllarynda adam diňe bir özüni tanamaýar, eýsem jemgyýeti, Watany, dünýäni tanap başlaýar. Uly maksatlaryň esaslary hem şu döwürde tutulýar. Ýaşlyk – bu ylmyň, sungatyň, döredijiligiň, üstünlikleriň başlanýan wagty. Pikirlenmäniň güýçlenýän, içki dünýäniň giňelýän wagty.

Emma ýaşlyk diňe güýmenje däldir. Bu döwürde her bir ýaş ynsan özüne, maşgalasyna, jemgyýetine we döwletine bolan borçlaryny hem duýmalydyr. Ýaşlykda gazanylan bilim, tejribe, edep – geljekki durmuşyň özeni bolýar. Şonuň üçin, ýaşlyk döwri peýdaly zähmet bilen, ruhuňy baýlaşdyrmak bilen, Watana wepalylyk bilen bezelmelidir.

Her kim öz ýaşlygy bilen buýsanýar. Sebäbi şol döwürde edilen ähli işler, çekilen ähli zähmetler – bagtly geljegiň binýadyny gurýar. Ýaşlykda edilen gowy işleriň, gazanylan üstünlikleriň yzlary ömürboýy adam bilen bile ýaşap, oňa güýç-kuwwat berýär.

Ajaýyp ýaşlyk – bu her bir ýaş adamyň paýyna düşýän beýik bagtdyr. Bu bagtdan dogry peýdalanmak, ony zähmet bilen, söýgi bilen, döredijilik bilen bezemek bolsa, her birimiziň borjumyzdyr.

Geljekki ömrümiziň nury öz güýjüni şu günki ýaşlygymyzyň şuglasyndan alýar. Şonuň üçin ýaşlygyň gymmatyny bilip, ony manyly we pähim-parasatly geçirmek iň beýik üstünlikleriň biridir.

Nurýagdy GALPAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar