GELJEKKI DIPLOMATLAR TEJRIBELIK GEÇÝÄRLER

2025-nji ýylyň 2-nji ýarymýyllygy üçin «Talyplaryň önümçilik tejribeligini geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda» baglanyşylan şertnama esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklar we diplomatiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyplary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde önümçilik tejribeligini geçýärler.

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasy esasynda, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürmek, olaryň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny höweslendirmek, ýaşlarymyzda öz hukugyny goramak başarnygyny ýokarlandyryp, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek, ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmek, halallyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk häsiýetlerini terbiýelemek, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri kemala getirmek, şeýle-de halypa şägirtlik gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti dogrusynda bu ýerde tejribelikde bolýan talyplara giňden düşündirildi.

Şeýle-de tejribelikde bolýan talyplar Ýaşlar guramasy tarapyndan taýýarlanyp ýaýlyma berilýän, «Arkadagly Ýaşlar» hem-de «Parahatçylyk:ýaşlaryň sesi» atly gepleşigine gatnaşyp, ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, sagdyn bedenli we ýokary ahlakly ynsanlar bolup ýetişmekleri babatynda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hemem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar