Ýurdumyz BMG-niň Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş baradaky halkara Konwensiýalaryna hem-de BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň sebitleýin we halkara taslamalaryna we maksatnamalaryna gatnaşýar. Şu esasdan, 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýuly aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada Neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça maksatnamasynyň (CADAP) Utgaşdyryjy komitetiniň mejlisine türkmen wekilleri hem gatnaşdylar.
Mejlis CADAP 7 maksatnamasynyň gazananlaryny we netijelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi. Onuň dowamynda gazanylan netijeleri we döredilen mümkinçilikleri saklamak üçin geljekki meýilnamalary we strategiýalary ara alyp maslahatlaşyldy, şol sanda neşe serişdelerine garşy göreş syýasaty bilen bagly başlangyçlary goldamak, dowamly hyzmatdaşlyk ýollaryny gözlemek bilen baglanyşykly boldy. Dürli ýurtlardan gelip çykyş eden wekiller neşe we psihotrop maddalardan azat bolan Bitarap Türkmenistanyň bu ugurda gazanan tejribesiniň gymmatyny aýratyn nygtadylar.
Mejlisiň ahyrynda maksatnamanyň ýedinji tapgyrynyň çäginde amala aşyrylan işlere syn berildi we geljek tapgyr üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Onuň esasy maksady hünärmenlere, pedagoglara, psihologlara, lukmanlara, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine ýaşlaryň arasynda neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almaga kömek etjek usulyýetleri we çemeleşmeleri öwretmek hem-de özara tejribe alyşmakdan ybarat boldy.
Türkmen halkynyň bagtyýar, parahat durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri amala aşyrýan, dünýä döwletleri bilen halkara tejribe alyşmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Aýlar NEDIROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.