“WATAN GORAGY, MUKADDESLIGIŇ GORAGY”

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýylynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň  Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölümi bilen bilelikde gurnamagynda “Watan goragy, Mukaddesligiň goragy”

atly şygar astynda harby bölümiň mejlisler jaýynda terbiýeçilik ähmiýetli ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Watan goragçylarynyň gününiň döwlet derejesinde giňden bellenilmeginiň hormatly Prezidentimiziň we döwletimiziň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde bildirilýän uly ynamynyň we olar hakda edýän aladasynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny nygtadylar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ata-babalarymyzyň parahat-söýüjilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanmagynda öz beýanyny tapýar. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar edýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Parahatsöýüjilik ýörelgeler bolsa goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň Serdar Berdimuhamedow harby ylym-bilimiň kämilliginiň gazanylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Munuň özi ýaş watançylar hakynda edilýän aladalaryň, Watan goragyna kämil nesilleri taýýarlamagyň ähmiýetini has-da aýan edýär. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözler aýdyldy.

 

Döwran MYRADOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar