“ARKADAG SERDARLY WATAN GORAGÇYLARY”

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýylynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň   hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullygynyň 2205 harby bölümi bilen bilelikde gurnamagynda “Arkadag Serdarly Watan goragçylary” atly şygar astynda harby bölümiň mejlisler jaýynda terbiýeçilik ähmiýetli ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler Watan goragçylarynyň gününiň döwlet derejesinde giňden bellenilmeginiň Hormatly Prezidentimiziň we döwletimiziň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde bildirilýän uly ynamynyň we olar hakda edýän aladasynyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler watany beýgeldýär” atly kitabynda şeýle belleýär. Watan goragy biziň üçin heňňamlardan aşyp gelýän täsin heň bilen sazlaşýan namadyr. Her bir türkmen maşgalasynyň perzendine berýän öwüdi Watany eý görmekdir. Watan söýgüsi sazanda öň asla eşidilmedik, mahlasy, bilbilgöýäniň saýraýşyna meňzeş sazy döretmäge emir berýär diýip belleýär. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ata-babalarymyzyň parahat-söýüjilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanmagynda öz beýanyny tapýar. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar edýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Parahatsöýüjilik ýörelgeler bolsa goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň harby ylym-bilimiň kämilliginiň gazanylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Munuň özi ýaş watançylar hakynda edilýän aladalaryň, Watan goragyna kämil nesilleri taýýarlamagyň ähmiýetini has-da aýan edýär. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözler aýdyldy.

 

Gülnara GURBANOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar