KEŞDEÇILIK SUNGATY — GYMMATLY MIRAS

Keşde — aňyrsy-bärsi görünmän ýatan nagyşly dünýä. Gelin-gyzlaryň milli lybasynyň bezegi bolan keşdeler ýokary çeperçilik eserini ýada salýar diýsek ýalňyşmarys. Keşde nagyş her bir zada owadanlyk berýär.  “Tikinçiniň ýaragy- iňňe bilen sapagy” diýlişi ýaly, kiçijik iňňe bilen, gör nähili gözellik döredip bolýar. Amaly haşam-sungatyna degişli bolan keşdelerimiz özüniň ýerine ýetiriliş aýratynlygy bilen görenleri haýrana goýýar. Ussatlyk bilen nagyşlanan çyrpylary, kürteleri, çabytlary, tahýadyr bukjalary synlanyňda, ene- mamalarymyzyň mähir-muhabbeti, yhlas başarnygy siňen el işleri kalbyňy heýjana salyp, gözellikleriň alyp gidýär. El bilen sünnälenip çekilen keşdedir gaýmalar, köjümedir ildirmeler, oramadyr çigme görnüşlerinde nagyşlanan lybaslar gaýtalanmajak sungat bolup öwüşgin atýar. Reňkler tebigatyň özünden alnyp, tebigy gözelligi bilen görenleri haýran edýär. Türkmen sährasynyň gül-gülälegini ýada salýan nagyşlary inçeden yzarlanyňda, ösümlikdir haýwanat dünýäsi bilen baglanşykly şekillere gabat gelýärsiň. Keşdeler gelin-gyzlaryň diňe görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň göwnüni-de göterýär. Olaryň göz-guwanjy, gamlanan wagty syrdaşy, howandary bolýar. Olar şatlygyny, gaýgysyny, ruhy halyny nepis keşdelerine siňdirýärler. Şonuň üçin keşdelerde gelin-gyzlaryň zehinlerini, gözleriniň nuruny, päk zähmetini görüp, duýup oturmaly. Hut şeýle bolansoň Mähriban gelin-gyzlarymyz öz ajaýyp işleriniň şahyry, waspçysy, tarypçysy bolupdyrlar.

 

A.DURDYÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar