Arkadag şäherinde köpugurly sport toplumynyň, döwrebap stadionyň, sport merkeziniň gurulmagy ýurdumyzyň sport abraýynyň artmagyna goşant goşjak ýaşlaryň ýetişdirilmegine ýardam eder. Köpugurly sport toplumynda erkin we grek-rim göreşi, sambo, dzýudo, futzal, woleýbol, gylyçlaşmak, boks, agyr atletika ýaly görnüşler bilen meşgullanmak üçin sport zallary, okuw we ylmy-barlag otaglary, mejlisler zaly we beýlekiler göz öňünde tutulandyr. Döwrebap stadion hem ýaşaýjylaryň sport görnüşleriniň Döwrebap stadion hem ýaşaýjylaryň sport görnüşleriniň Ata-babalarymyz jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna, nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdynlygyna uly üns beripdirler. Milli oýunlar ýaş nesliň beden taýýarlygynyň möhüm bölegine öwrülipdir. Häzirki döwürde bolsa bedenterbiýe we sport merdana pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň täzeçe ruhda dowam etdirilmegine ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär» diýen sözleri hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Ýurdumyzda döredilen şert-mümkinçilikler halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, nesilleriň sagdyn, watansöýüji, zähmetsöýer ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda döredilýän şertleriň anyk hem aýdyň subutnamasydyr. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda oglan we gyzlaryň arasynda sportuň küşt görnüşi boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. Bu ýaryş örän gyzykly we çekeleşikli geçdi. Ýaryşda ýeňiji bolan ýaşlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar bilen sylaglanyldy. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladasyz netijesinde, bedenterbiýe-sagaldyş we ýokary görkezijiler sporty babatda amala aşyrylýan işler döwletimiziň hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmekde saglygyň we sportuň gymmatlygyna aýdyň hem-de anyk düşünýän jemgyýetimiziň tagallalarynyň sazlaşykly utgaşmagynyň aýdyň mysalydyr.
Ogulbibi MESKUTOWA,
TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly
ulgamy boýunça esasy hünärmeni.