Durmuşa geçirilýän beýik işleri, ägirt uly tutumlary bilen şöhratly taryhymyzy kemala getiryän yyllary çuň mazmunly döwrebap atlar bilen atlandyrmak indi ajaýyp döwrümiziň mizemez ýörelgesine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň özeninde, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty, nurana geljegi balan ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşy baradaky naýbaşy alada durandyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini, döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirip, üstünlikli rowaçlandyrýar. Türkmen ýaşlarynyň hemmetaraplaýyn kâmil şahsyýetler bolup ýetişmeği babatda-da taýsyz tagallalary edýâr. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň döwletri dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden ugur alyp, kanun çykaryjy häkimýetiň düzümini kämilleşdirmek bilen bagly möhüm başlangyçlary öňe sürdi, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek. Munuň özi döwrüň talaplaryndan ugur almak bilen, ýudumyzyň ösüşli ýolunyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmaga, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglygynyň has ygtybarly bolmagyna gönükdirlendir. Şeýle hem bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge, ýerlerde halk wekilleri bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder, kanunlaryň ýerine ýetirlişine gözegçiligi güýçlendirmäge itergi berer.
Altyn DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.