WATAN GORAGY-MUKADDES BORÇ

Hemmämize mälim bolşy ýaly her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Egsilmez eşretleriň hözirini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” hem ýagşy umytlardyr,  ak arzuwlar bilen garşy aldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň adalatly, parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda – syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär hem-de täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen türkmen ilimiz öz aýdyň ertirlerini, ýagty geljegini gurýar. Muny biz bagtyýar durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň görýäris. Döwletli diýarymyzda ýaşlaryň işleri barha ýokarlanýar. Bu günki gün ýaşlarymyz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, Watanymyzyň abraýyny arşa galdyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda möhüm ähmiýetli syýasy wakalaryň, durmuş-ykdysady, medeni özgertmeleriň amala aşyrylýan, belent maksatlaryň durmuşa geçirilýän döwründe ýaşamak, halal zähmetiň bilen ýurduň ösüşine goşant goşmak bagtdyr.

Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. Şonuň üçin hem milli ruhda terbiýe alan ýaş nesiller Watana wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” biz-ýaşlara özümiziň ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmäge we ýurdumyzda ýokary derejede alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga has-da uly mümkinçilikler açyljakdygy aýdyň hakykat.

Çünki “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” –Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň barha rowaçlanjak ýyly.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” - bagtyýar ýaşlygyň ýyly, ertire bolan beýik ynamyň ýyly.

Şeýle bolansoň biz-ýaşlaryň Watanymyz üçin, il-halkymyz üçin halal we döredijilikli zähmet çekmek mukaddes borjumyz bolup durýar.

Her bir güni toýdyr baýramlara, şanly senelere beslenýän diýarymyzda, bosagada ýene-de bir baýram, ýagny, mukaddes Watanymyzyň gijeleriniň parahat, gündizleriniň asuda bolmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýan Watan goragçylarynyň güni ýokary ruhubelentlikde bellenýär.

Watan goragçylarynyň güni mynasybtli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Türkmenistanyň harby-hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň talyplarynyň, zähmet çekýän ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda “Watan goragy-mukaddes borç” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Baýramçylyk duşuşygyna gatnaşan wekiller öz çykyşlarynda Garaşsyz hem-de baky Bitarap ýurdumyzda halkymyza, aýratyn hem şu günüň kuwwaty, geljegiň eýesi bolan ýaş nesillerimizi bagtyýar we bolelin durmuşyny üpjün etmekde dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýüreginden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watanymyzyň mukaddesligi Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny, hemişelik Bitaraplygymyzyň beren datly miwelerini gözümiziň göreji ýaly goramak hem biziň mukaddes borjumyz. Hut şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, ata-babalarymyzyň mertlik, edermenlik, gaýduwsyzlyk, halallyk ýörelgelerine laýyk şahsyýetler hökmünde kemala getirmek maksady bilen wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini, medeni-köpçülikleýin çärelerini yzygiderli guraýar.

Halkymyz ýaş nesillerini toprak, ene, öý-ojak, saçak ýaly mukaddeslikleri hakyndaky düşünjeler bilen kemala getirýär. Topraga, ene-ata, öý-ojaga wepaly perzent Watana hem wepalydyr diýen ynam bilen ýaşaýar.

Türkmen halkynyň geçmişe uzaýan  şöhratly taryhyndan mälim bolşy ýaly, ata-babalarymyz merdanalygyň asyl nusgasyny görkezip, özbaşdak agzybir döwlet bolmagy, Watanymyzyň mukaddesligini gorap saklamagy özlerine hemra edinipdirler Gahryman Arkadagymyz “Bir ynamyň, bir maksadyň daşynda jem bolmagyň, ata çykan ýigitleriň her biriniň döwletiň hem ýurduň ykbalyny öz ykbaly diýip bilmeginiň maksada ýetmegiň ýeke-täk ýolydygyny ata-babalarymyzyň durmuş tejribesi aýan edýär” diýip belleýär. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynda Baş münberiň öňünde geçirilýän dabaraly çärede Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň galdyrylmagy bilen başlanyp, harby ýörüş bilen dowam etdirilmegi, pederlerimiziň arzuwlan Garaşsyzlyk, özygtyýarlylyk, watanperwerlik, agzybirlik hakyndaky arzuwlarynyň wysal bolmagynyň ýürek senasy bolup, kalplarda egsilmez söýgi döretýär. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň harby gullukçylarynyň dabaraly belent owaz bilen “Halk! Watan! Belent Serkerdebaşy!” diýen buýsançly sesleri harby gullukçylaryň mähriban halkymyza wepalylygyň senasy bolup ýaňlanýar.

Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň  hem-de Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen halkynyň ykbaly göterildi. Ykbaly göterilen türkmen halkynyň Garaşsyzlyga buýsanjy, Bitaraplyga guwanjy Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da şöhratlandyrýar. Biz şol arzuwlanýan, arzylanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýarys. Goý “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda” Berkarar döwleti peşgeş beren Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumlary hemişe rowaç alsyn!

 

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 2 okalan

PARAHATÇYLYK: ÝAŞLARYŇ SESI

19 Iýun 2025 | 1 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

19 Iýun 2025 | 1 okalan

SAGDYN NESIL, SAGDYN JEMGYÝET!