WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýaş nesli hakyky watançylyk ruhynda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy, aň-paýhas kuwwatyny ösdürmekleri üçin ähli şertleri üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesiller, olaryň saglygy barada alada edip, ýaşlaryň zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhunda hemmetaraplaýyn bilimli, terbiýeli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly üns berilýär. Täze taryhy eýýamda bu ýörelgeler döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri özbaşdak durmuşa taýýarlamak, olarda ýokary ahlak we watançylyk duýgularyny pugtalandyrmak hem-de ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda “Arkadagyň paýhasyndan rowaç alýan zamana” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda çykyş eden wekiller Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir raýatynyň, aýratyn hem ýaşlaryň ylymly, bilimli, sagdyn bedenli, ruhy taýdan arassa, watan söýüji bolmaklary, halal işlemekleri, asylly zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Döwran MYRADOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

27 Ýanwar 2023 | 26 okalan

AŞGABADYŇ TARYHY

25 Ýanwar 2023 | 67 okalan

WATAN MUKADDESLIGI