Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy AFK-nyň reýtinginde ilkinji 25-likdäki ýerini gorap bilse, Dünýä çempionaty ― 2026-nyň saýlama duşuşyklaryna ikinji tapgyrdan gatnaşar.
Aziýanyň Futbol konfederasiýasy 2026-njy ýylda ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň bilelikde geçirjek dünýä çempionatynyň yklym boýunça saýlama tapgyrlaryny kesgitledi.
Indiki mundiala biziň yklymymyzdan 8 ýygyndy gatnaşyp, dokuzynjysy hem yklymara saýlama duşuşygyň netijesine görä gatnaşar.
1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary FIFA-nyň reýtinginde Aziýa boýunça iň aşakdaky 22 ýygyndy özara duşuşyklary geçirer. Bu duşuşyklarda ýeňiş gazanan 11 ýygyndy ikinji saýlama tapgyryna çykar.
2-nji tapgyrda FIFA-nyň reýtingine görä, Aziýanyň iň güýçli 25 ýygyndysy birinji saýlama tapgyrdan gelen 11 ýygyndy bilen bilelikde jemi 36 ýygyndyny emele getirer. Şeýlelikde, her birinde dört wekil bolan toparçalaryň 9-sy düzüler. Öýde ― myhmançylykda usulynda geçiriljek toparçalaýyn duşuşyklaryň netijesinde her toparçadan 2 ýygyndy ― jemi 18 ýygyndy saýlama tapgyrlaryň indikisine geçer. 2-nji saýlama tapgyrynyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň noýabr, 2024-nji ýylyň mart we iýun aýlarynda geçiriler.
3-nji tapgyra çykan 18 ýygyndy 3 toparça bölüner. Her toparçada öňdäki iki orny eýelän 6 ýygyndy Dünýä çempionaty ― 2026-a biziň yklymymyzdan ýollanma aljak ilkinji wekiller bolar. Toparçalarda üçünji we dördünji orunlary eýelän ýygyndylar bolsa 4-nji saýlama tapgyrynda ýaryşmaga hukuk gazanarlar. 3-nji tapgyryň duşuşyklary 2024-nji ýylyň sentýabryndan 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli geçiriler.
4-nji saýlama tapgyrynda jemi 6 ýygyndy her birinde 3 ýygyndy bolan iki toparça bölüner. Toparçalaryň ýeňijileri dünýä çempionatyna ýollanma alar, ikinji orny eýelän ýygyndylar bolsa 5-nji saýlama tapgyryna hukuk gazanar. Şeýlelikde, 4-nji saýlama tapgyryndan soň mundiala Aziýadan gatnaşjak 8 ýygyndy belli bolar.
5-nji tapgyrda iki ýygyndy öz aralarynda geçirjek bir duşuşygyň netijesinde ýeňijin anyklarlar. Şol ýeňiji hem yklymara pleý-off duşuşygyna gatnaşmaga hukuk gazanar.
2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndy bilen geçiriljekdigini ýatladýarys. Ýaryşyň final tapgyrynyň nähili görnüşde geçiriljekdigi heniz kesgitlenilmedi.