TÜRKMEN TOPARLARY 2024/25-NJI ÝYLLARYŇ MÖWSÜMINDE AFK-NYŇ KUBOGYNA WE ÜÇÜNJI DEREJELI ÝARYŞA GATNAŞAR

AFK-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Bäsleşikler komitetiniň mejlisi geçiriler.

Onda Aziýa klublarynyň arasyndaky 2024/25-nji ýylky futbol möwsüminde geçiriljek ýaryşlar üçin ýurtlara beriljek ýollanmalaryň sany kesgitleniler. Özbegistanly futbol hünärmeni Alişer Nikimbaýewiň habar bermegine görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň klublaryna aşakdaky görnüşde ýollanmalaryň berilmegine garaşylýar:

Türkmenistana AFK Kubogynyň pleý-off tapgyryna 1 ýollanma hem-de üçünji derejeli ýaryşa (heniz ady mälim edilmedi) 1 ýollanma;

Özbegistana AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna 1 ýollanma hem-de AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna 1 ýollanma;

Täjigistana AFK Kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna 1 ýollanma hem-de AFK Kubogynyň pleý-off tapgyryna 1 ýollanma;

Gyrgyzystana üçünji derejeli ýaryşyň pleý-off tapgyryna 1 ýollanma.