MAŞGALA MUKADDESLIGI – HALKYMYZYŇ MILLI TERBIÝESINIŇ GÖNEZLIGIDIR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, Görogly etrabynyň 65-nji orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda “Maşgala mukaddesligi – halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir” atly wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi. Bu çäre ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek, maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek maksady bilen geçirildi. Ýygnakda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi baradaky bölümçesiniň gözegçisi, halypa mugallymlar ýaşlarymyza döwrebap bilim-terbiýe bermekde, bilimli, zehinli, kämil, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmekde ilkinji nobatda terbiýe ojagynyň maşgala bolup durýandygy, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, bu babatda ata-babalarymyzyň halkymyza ajaýyp gymmatlyklary miras goýup gidendikleri, şol milli ýörelgelerimize eýermek, mynasyp dowam etdirmek barasynda giňişleýin täsirli çykyşlar etdiler.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 532 okalan

ÝAŞ TÜRGENIŇ ÝÜREK BUÝSANJY

25 Iýun 2025 | 553 okalan

TARYHY BAÝ EZIZ ÜLKÄM

25 Iýun 2025 | 1404 okalan

DOKMA PUDAGY ÖSDÜRILÝÄR