“ARKADAGYMYZYŇ SARGYTLARY TÜRKMEN ÝAŞLARYNA ÝÖRELGE”

Türkmen ilinde “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen parasatly jümle bar. Şu jümleden ugur alan ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesi Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň golaýda geçiren Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ilkinji mejlisi hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Hakykatdan hem, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan gaznanyň ýanynda Ýaşulular geňeşini döretmek çözgüdiniň kabul edilmeginiň aňyrsynda uly many bar. Munuň özi halk bilen döwletiň arasynda mizemez jebisligiň bardygyny aýdyň görkezýär.

Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň golaýda geçiren Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisinden gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, olary ýaşlara giňişleýin ýetirmek we olaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda welaýat kitaphanasynda “Arkadagymyzyň sargytlary türkmen ýaşlaryna ýörelge” ady bilen maslahat duşuşygyny geçirdi. Duşuşygy welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Aýgül Muhammetdurdyýewa alyp bardy. Maslahatyň dowamynda Mary welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Şemşat Meredowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Kuwwatgeldi Çaryýew hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni Azat Muhiýew dagylar çykyş edip, olar özleriniň çykyşlarynda gazna tarapyndan howandarlyga mätäçlere berilýän goldawlaryň agzybirligiň nyşanydygyny buýsanç bilen bellediler. Maslahatyň soňunda çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza soňsuz alkyşlar aýtdylar.

 

Annamuhammet BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI