Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlary, edim – gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna oňat göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz – nesihatdyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Sebäbi maşgala- döwletiň kiçijik bir agzasy, gaýtalanmajak dünýäsi hasaplanýar. Şunlukda türkmen maşgalasynda gyz edebi, çaga terbiýesi ýaly häsiýetler üns merkezinde saklanylýar. Şonuň üçin hem türkmen halky maşgala edebini milli däp-dessur esasynda ýöredýär.
Hut şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi, Türkmenistanda Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň 21-nji bendinden ugur alyp, ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda nika bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» ady bilen terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygyny gurnady. Duşuşykda Mary şäher zenanlar guramasynyň agzasy Altyn Mämmedowa, Mary şäheriniň ýaşaýjysy il sylagly ýaşuly Allaýar Ýalkabow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Annagözel Saryýewa hem-de mekdebiň mugallymy, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Selbi Hanowa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda zenanlaryň gylyk häsiýetleri, geçirimliligi, duýgurlygy, mylaýymlylygy, edep-ekramlylygy, ýumşak häsiýetliligi bilen tapawutlanýandygyny, gözelligi, wepadarlygy bilen dünýä nusgalyk türkmen zenanlary daşymyzy gurşap alýan dünýe näçe özgerse-de, jemgyýet näçe çaltlyk bilen össe-de islendik döwürde hem hormat-sarpanyň eýeleridigini nygtap geçdiler.
Annagözel SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.