Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmäge, döwrebap ylym-bilim ulgamyny kemala getirmäge gönükdirilen özgertmeleriniň netijesinde uly öňegidişlikler gazanylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyklykda döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemmetaraplaýyn goldaw bermek Arkadagly Serdarymyzyň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir. Islendik döwletde, islendik jemgyýetde ylym-bilim durmuşy kämilleşdirmek üçin iň ilkinji zerurlyk hasaplanylýar. Ylym-bilim ýaşaýşa zynat berýär, döwletiň berkararlygyny, milletiň bagtyýarlygyny binýat etmekde möhüm gural bolup hyzmat edýär.
Eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim, ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasaty derejesine göterilip, ol hemişe üns merkezinde saklanylýar. Şeýle giň möçberde özgertmeler esasynda durmuşa geçirilýän beýik işler bolsa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwadyny has-da pugtalandyrmaga, geljekde ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirjek ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge şert döredýär. Mälim bolşy ýaly, ýaş nesilleri ata Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, sowgatly, däp-dessurlara, milli gymmatlyklara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek şu günüň wajyp meseleleriniň biridir.
Hut şu maksatlardan ugur alyp, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamagynda etrabyň 31-nji orta mekdebinde döredijilige höwesjeň zehinli okuwçylaryň gatnaşmaklarynda “Ýaşlar bilen dowamatdyr bu ýollar” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde okuwçy gyzlar özleriniň el işleri bilen, okuwçy oglanlar dürli gurallar arkaly öz ukyp başarnyklaryndan peýdalanyp ýasan dürli işleri bilen çykyş etdiler. Bäsleşigiň dowamynda ata Watanymyzy,eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän suratlar bolsa, has uly ähmiýete eýe boldy. Bäsleşige gatnaşyjylara adalatly baha bermek üçin ýörite eminler topary düzülip, olaryň çykaran gutarnykly çözgüdine laýyklykda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hormat hatlary bilen sylaglandy.
Umuman, ýaşlaryň arasynda geçirilýän şeýle bäsleşiklerdir, dürli çäreler olary watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir. Goý, ýaşlaryň bagtyýar geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il- ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn!.
Meretgeldi ANNAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Ýolöten etrap Geňeşiniň başlygy.