“GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARY ÝAŞLAR ÜÇIN TERBIÝEÇILIK MEKDEBI”

Kitap – kämilligiň gözbaşy. islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Ynha, bugünki gün Gahryman Arkadagymyz özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän ençeme kitaplaryň awtory hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykýan her bir eseri, ýaşlaryň ýan kitabyna öwrülip giň ykrarnama eýe bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan dörän  ajaýyp eserleriniň ähmiýetini ýaşlar köpçüligine giňişleýin düşündirmek, ýaş nesilleri watançylyk we ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek hem-de Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň 18–nji bendini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, Mary welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary-ýaşlar üçin terbiýeçilik mekdebi” ady bilen maslahat duşuşygyny geçirdi. Oňa TMÝG-nyň welaýat, şäher, etrap Geňeşleriniň başlyklary we işgärleri, Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň her bir eseriniň bütin halkymyz üçin, esasan-da ýaşlar üçin gymmatly gollanma bolup durýandygyny we terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny buýsanç bilen belledi. Soňra maslahata gatnaşyjy myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym”, “Älem içre at gezer” ýaly birnäçe ajaýyp eserleri hem-de “Döwlet guşy” romany barada giňişleýin durup geçdiler. Maslahatyň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyza gymmatly eserlerini peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Hormatly Prezidentimize, soňsuz alkyşlar aýtdylar.

 

Röwşen HOMMADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI