MERDANALAR BÄSLEŞDILER

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi, Mary şäherindäki Bagt köşgi toý dabaralar merkezinde ýaş nesillerimize merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däplerine, gahrymançylykly synmaz ruhuna we kämil nusgalyk häsiýetlerine uýmak, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni, dost-doganlygy berkitmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 3-5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan eden “Merdana nesil-2022” atly şadyýan bäsleşiginiň Mary şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşikde Mary welaýat Halk döredijilik merkeziniň hünärmeni Allanazar Atamyradow, Mary şäher bagşylar öýüniň aýdymçysy Öwülýaguly Annagulyýew hem-de Wekilbazar etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň aýdym-saz mugalymy Maksatmyrat Jumaýew dagylar eminlik etdiler.

Bäsleşige gatnaşan merdana ýigitlerimiz öz aralarynda Türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, watana bolan söýgüni, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzyň ýetilen üstünliklerini, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, ýekelikde şorta söz ýerine ýetirmek hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Okuwçy oglanlaryň arasynda has tapawutly çykyş edip 1-nji orna Mary şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Hasan Meredow,  2-nji orna Mary şäheriniň 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Kakageldi Maksatgeldiýew, 3-nji orna Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Yslam Orazow dagylar mynasyp boldylar we bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda 1-nji we 2-nji orny eýelän okuwçylar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaklyga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşanlara we ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Annagözel SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI