Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň röwşen geljegi hasaplanýan ýaşlaryň edep-terbiýeli, watansöýüji, ynsanperwer, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri hem-de eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Arkadagly Serdarymyzyň “Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris” diýip bellemegi, bu günki gün Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle durnukly ösüşiň we halkymyzyň döredijilik hyjuwynyň esasy binýady hökmünde garalýandygyny aňladýar.
Ýurdumyzda ýaşlara bildirilýän şeýle ynamdan ruhlanyp, edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatyny, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olary ýurdumyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini wagyz etmekde ýokary döredijilik ukybyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň döredilen güni mynasybetli yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen belent ada eýe boldular. Şol sanda maňa hem “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada eýe bolmak bagty miýesser etdi. Bu baýraga mynasyp bolmagym meniň durmuşymda ýatdan çykmajak bagtly pursatlaryň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň biz ýaşlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp çekýän zähmetimize berilen şeýle uly baha üçin begenjimiziň çägi ýok. Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky öňdengörüjilikli döwlet syýasatyndan ugur alýan özgertmeler ýurdumyzyň beýik ösüşlerine öz goşandymyzy goşjakdygymyza, yhlasly zähmet çekjekdigimize ynandyrasym gelýär. Eziz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini nazarlaýan, il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna goşant goşmak biziň her birimiziň mukaddes watançylyk borjumyzdyr.
Ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy, saýlan hünäriniň eýesi bolmagy, erkin zähmet çekmegi, zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Döwran GULLYÝEW,
Mary welaýatynyň Serhetabat etrap häkimliginiň
Jemagat hojalygy müdirliginiň pasportçysy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.