“MERDANALAR BÄSLEŞDILER”

Arkadagly Serdarymyzyň “Siziň belent joşgunda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr” diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmakdan hem-de medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen “Merdana nesil-2022” atly geçirilen şadyýan bäsleşiginiň şäher tapgyry ýokary derejede guramaçylykly geçirildi.

Bäsleşikde Türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, Watana bolan söýgüsini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhyna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzyň ýetilen üstünliklerini, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, okuwçy oglan ýekelikde şorta söz ýerine ýetirmek, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşy bilen çykyş etdiler. Emin agzalarynyň adalatly baha bermekleri netijesinde 1-nji orna 3-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Agajan Hydyrgulyýew, 2-nji orna 12-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Döwlet Nuryýew, 3-nji orna 16-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Rahat Berdiliýew dagylar ýeňiji boldylar. Ýeňiji bolan hem-de işjeň gatnaşan okuwçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary bilen sylaglandy.

 

Serdar BERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Baýramaly şäher

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI