HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ WATANÇYLYK SARGYDY – ÝAŞLAR ÜÇIN NUSGALYK ÝÖRELGEDIR

Hormatly Prezidentimiziň Watançylyk sargytlary, ata-babalarymyzyň uzak döwrüň dowamynda kämilleşdiren baý many-mazmunly paýhasly pentlerini, ýörelgelerini, däp-dessurlaryny özünde jemleýän milli terbiýeçilik mekdebi ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge ýakyn ýardam berýär. Öz döwründe jemgyýetde ahlak we ruhy kämilligiň berkemegine uly täsir edişi ýaly, biziň bagtyýar zamanamyzda hem durmuş ýörelgesiniň çyragyna öwrülen milli gymmatlyklarymyzyň gözbaşy arassa ruhy çeşme bolup hyzmat edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň öňünde goýan beýik wezipesini durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň watançylyk sargydy ýaşlar üçin nusgalyk ýörelgedir” ady bilen Mary welaýat kitaphanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, şäher we etrap Geňeşleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat, şäher we etrap birleşmeleriniň hem-de Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary we Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynda Watana bolan söýgüni has-da artdyrmak, olarda ata-babalarymyzyň watançylyk, mertlik we merdanalyk ýaly belent sypatlaryny kemala getirmek boýunça alyp barýan nusgalyk işleri hem-de pederlerimiziň uzak döwrüň dowamynda kämilleşdiren baý many-mazmunly paýhasly pentlerini, ýörelgelerini, däp-dessurlaryny özünde jemleýän milli terbiýeçilik mekdebiniň ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda buýsançly we täsirli gürrüňler etdiler. Maslahatyň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyşly sözler belentden ýaňlandy.

 

Annamuhammet BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI