ÇEKELEŞIKLI GEÇEN BÄSLEŞIK

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Mary welaýatynyň Murgap etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde gurnamaklarynda Ýaş nesillerde türkmen gerçekleriniň asyrlarboýy dowam edip gelýän asylly däplerine, merdanalygyna uýmak, ýaşlaryň arasynda ula, kiçä sylag-hormaty terbiýelemek, olaryň zehin-başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen “Merdana nesil – 2022” atly şadyýan bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik diýseň çekeleşikli geçdi. Bu bäsleşikde Murgap etrabynyň Ruhubelent çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň 3-nji synp okuwçysy Durdymyradow Didar  1-nji ýere mynasyp boldy. Murgap etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Jumamyradow Şatlyk 2-nji orna mynasyp boldy. Murgap etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ataýew Söýenç 3-nji orna mynasyp boldylar. Bäsleşigiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli ýaşlara edilýän aladalara özleriniň hoşallyk sözlerini aýtdylar. Ýaşlara işlemäge, döretmäge, şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza minnetdarlyklaryny bildirip, halkymyzyň asuda we parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

 

Eziz ANNAÝEW,

TMÝG-niň Murgap etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI