SPORT – SAGDYNLYGA BADALGA

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýar. Arkadagly Serdarymyz il-halkyň abadançylygy, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, aň paýhas taýdan ösen nesli kemala getirmek ugrundaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Ýurdumyzda we welaýatlarymyzda ajaýyp sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri bina edildi.

Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň sport bilen meşgullanmagy aýratyn hem ýaşlary beden we ruhy taýdan gujur-gaýratly beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Şol sebäpden hem ýurdumyzda sagdyn nesliň kemala gelmegine gönükdirilen sagdyn durmuş ýörelgeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet tarapyndan döredilýän şertleriň netijesinde sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Munuň özi, halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle maksatlardan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde “Garagum” sport mekdebiniň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň arasynda “Sport-sagdynlyga badalga” ady bilen sport çäresi geçirildi. Sport çäresinde sportuň küşt we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňijilere etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Amanmyradowa OGULBAGT,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

02 Iýul 2025 | 35 okalan

TÜRGENLER USSATLYKLARYNY GÖRKEZDILER

01 Iýul 2025 | 581 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI